1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

66. 6. Eý, iman getirenler! Siz özüňizi we maşgalaňyzy ýangyjy ynsanlar we daşlar bolan (dowzah) odundan goraň! Onuň başynda Allanyň özlerine beren emrine garşy gelmeýän we emir edilen zady berjaý edýän rehimsiz, ýowuz perişdeler bardyr.

Başy » Sözbaşy » 37-nji süre: «Saffät» («Hatar-hatar bolup duranlar»)

«Saffät» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 182 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «hatar-hatar bolup duranlar» manysyny aňladýan «Saffät» sözünden gelip çykýar. Bu süräniň başky üç aýatynda hatar bolup duran perişdelere, bulutlary aýlaýan güýje, Allany zikir edýän dile kasam edilip, Allanyň ýeke-täk Hudaýdygy subut edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2, 3, 4. Hatar-hatar bolup durýan, (bulutlary) gohlap sürüp alyp gidýän, zikir okaýan (perişdelere) kasam bolsun! Takyk siziň hudaýyňyz ýeke-täk (Alladyr).
 5. Ol asmanlaryň, ýeriň we ikisiniň arasyndakylaryň Perwerdigäridr. (Ol) gündogarlaryň hem Perwerdigäridir.
 6. Biz (ýere iň) ýakyn asmany bezegli ýyldyzlar bilen bezedik.
 7. (Biz asmany) boýun egmeýän asy her bir şeýtandan gorap sakladyk.
 8. Olar «Beýik toplumyň» (perişdeleriň mejlisini) diňläp bilmezler. Olara hemme ýerden (alawly daş) zyňlar.
9. (Olar) kowlarlar. Sebäbi olara hemişelik azap bardyr.
10. Ýöne (perişdeleriň gürrüňlerinden) bir sözi alyp gaçmagy başaran (şeýtan) tapylsa, onuň yzyndan böwsüp geçýän otly yşyk (ýyldyz) kowup ýeter (we heläk eder).
 11. (Eý, Muhammet!) Indi olardan sora hany! Olary (özlerini) ýaratmak has kynmy ýa-da Biziň ýaradanlarymyzy ýaratmak has kynmy? Elbetde, biz ol (ynsanlary) ýelmeşip duran palçykdan ýaratdyk.
 12. Sen (Allanyň gudratyna we olaryň muny inkär etmegine) geň galýarsyň, ýöne olar (hakykaty) ýaňsa alýarlar.
 13. (Olar özlerine) öwüt-ündew edilen wagty öwüt-ündew almaýarlar.
 14. Olar eger mugjyza görseler hem ýaňsa alýarlar.
 15. (Üstesine-de): «Bu diňe äşgär jadydyr.
 16. Takyk, biz ölenimizden, topraga we süňke öwrülenimizden soň gaýtadan direldilerismi?
17. Öňki ata-babalarymyz hem (direlmelimi?» diýerler).
18. (Sen) olara aýt: «Elbetde siz, har we zar bolup (direldilersiňiz)!
19. (Gaýtadan direlme) elhenç bir ses (bilen) bolar. Olar şol wagt dessine direlip gözlerini elek-çelek edip, töwerek-daşa serederler».
 20. (Muny gören kapyrlar): «Biziň halymyz harap! Bu gün jeza berilýän (kyýamat güni) ahyry» diýerler.
 21. Ine, bu siziň ýalan hasaplap ýören höküm günüňizdir.
 22, 23. (Alla perişdelerine buýruk berer): «Zalymlary, olaryň ýaranlaryny we Alladan özge ybadat eden (hudaýlaryny) bir ýere jemläň! Olara dowzahyň ýoluny görkeziň!
24. Olary dessine saklaň (tussag ediň), sebäbi olar soraga çekilmeli!».
25. Size näme boldy beýle, birek-birege 448 kömek hem etmeýärsiňiz?
 26. Ýok, olar şol gün (boýunlaryny sallaşyp) tabyn bolarlar.
27. (Ynha, şol ýagdaýa sezewar bolan wagtlary) olaryň bir bölegi beýleki bir bölegine bakyp, biri-birlerini jogapkärçilige çekmäge çalşarlar.
 28. (Eýerenler öz emeldarlaryna): «Siz bize sagdan gelýärdiňiz-le (bize hakyň tarapyndadygyňyzy aýdýardyňyz-la)!» diýerler.
 29, 30, 31, 32. (Beýlekiler bolsa): «Aslynda, siziň özüňiz (haka) iman getirmän ýördüňiz. Biziň siziň üstüňizden höküm edip biljek güýjümiz ýokdy ahyryn. Emma siziň özüňiz azan kowumdyňyz. Şol sebäpden Perwerdigärimiziň biz baradaky (azap) hökümi hakykata öwrüldi. Biz (özümize beriljek jezany) hökman datmaly bolarys. Biz sizi azdyrdyk. (Sebäbi) özümiz hem azypdyk» diýerler.
 33. Olar kyýamat güni azap meselesinde şärik bolarlar.
 34. Takyk, Biz günäkärleri ine, şeýle (azaba) duçar ederis.
 35. Sebäbi olara: «Alladan özge hudaý ýokdur!» diýlende, tekepbirlik bilen (muňa garşy çykýardylar).
 36. Olar: «Biz däli şahyr üçin öz hudaýlarymyzy näme diýip taşlaly?» diýýärdiler.
 37. Ýok, gaýtam Ol hakykaty getirdi we (öňki) pygamberleri hem tassyk etdi.
 38. Takyk, siz ýowuz azaby hökman dadarsyňyz.
 39. Siz diňe eden işleriňiz sebäpli jezalandyrylarsyňyz.
 40. (Bu azapdan) diňe Allanyň yhlasly (Alla şärik goşmadyk) bendeleri (halas bolup bilerler).
 41, 42. Ol (yhlasly bendeler) üçin rysgal, (dürli) ir-iýmişler bardyr. Olara hödür- kerem ediler.
 43, 44. Olar «Nagym» (nygmatlardan doly) jennetlerde, sekileriň üstünde biri- birlerine seredişip oturarlar.
45. Olara akar çeşmeden doldurylan bulgurlar hödür ediler.
 46. Ol ap-ak (dup-durudyr), içenlere lezzet berer.
 47. Ol içgilerde serhoş edýän zat hem, akyldan azaşdyrýan zat hem ýokdur.
 48. Olaryň ýanlarynda nazarlary başgalara aýlamaýan iri (owadan) gözlüler (hüýrler) bardyr.
 49. Olar ýaşyryp goýlan (gün görmedik) ýumurtga ýaly (päkizedir, akdyr).
 50. Ine, şonda olar birek-birege bakyp, (dünýädäki ýagdaýlaryny) soraşarlar.
 51. Olaryň içinden biri: «Meniň bir dostum bardy» diýdi.
 52. Ol: «Sen hem (gaýtadan direlmäge) iman getirenlerdenmi?
53. Biz ölüp, topraga we süňke öwrülenimizde, (gaýtadan direldilip, jezalandyrylyp), temmimiz berlermi?» diýerdi.
 54. (Ol adam dünýä ýaşaýşynda geçip giden ýaňky hadysany gürrüň berip bolandan soň, şol ýerdäkilere ýüzlenip:) «Siz hakykatda näme bolandygyny bilýärsiňizmi?» diýdi.
 55. Ol seredip durşuna, (dostunyň) dowzayň ortasyndadygyny gördi.
 56. (Ol azap çekýän dostuna): «Kasam bolsun! Sen (ýalan dünýäde haka garşy aýdan sözleriň bilen) meni hem tas heläk edipdiň.
 57. Eger-de Perwerdigärimiň nygmaty bolmadyk bolsa, şu wagt men hem dowzaha eltiljekleriň biri bolardym» diýdi.
 58. Biz indi (jennetde) ölmeli dälmi eýsem?
 59. Ilkinji ölümden başga ölüm bolmaz. Bize azap hem edilmez.
 60. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
 61. Amal edýänler, ine, şeýle zat (hak) üçin amal etsinler!
 62. Düşlemek (ornaşmak) üçin bu (nygmatlar) has haýyrlymy ýa-da zakgun agajy?
 63. Takyk, biz şol (zakgun agajyny) zalymlar üçin synag edip goýduk.
 64. Çünki ol dowzahyň düýbünde ösüp ýetişýän agaçdyr.
 65. (Agajyň) miweleri bolsa şeýtanlaryň kelleleri ýalydyr.
 66. (Dowzahdakylar) şolardan iýerler hem-de garynlaryny şol (miwelerden) doldurarlar.
 67. Soňra (zakgun miwesiniň) üstüne olar üçin gaýnag suw garylan içgi bardyr.
 68. Yzyndan bolsa olar ýene-de dowzah oduna gaýtarylyp eltiler.
69. Olar ata-babalaryny ters ýoldakalar gördüler.
 70. Olar hem ata-babalarynyň yzlaryna (düşüp ters ýolda) ýüwürdiler.
 71. Kasam bolsun! Olardan öňki (milletleriň-de) köpüsi ters ýolda boldular.
 72. Takyk, biz olara hem duýduryjylary (pygamberleri) iberipdik.
 73. Özlerine duýduryş berlenleriň ahyrlarynyň nähili bolandygyna seredip gör!
 74. Diňe Allanyň yhlasly bendeleri (halas boldular).
 75. Kasam bolsun! Nuh Bize ýalbaryp ýüzlendi. Biz doga-dilegleri nähili gowy kabul edýäris!
 76. (Nuhuň) özüni we maşgalasyny iň uly gamdan halas etdik.
 77. Biz onuň (Nuhuň) zürýadyny (tä kyýamata çenli) dowamatly etdik.
 78. Soň dörän (nesilleriň) arasynda ondan (ýagşy at) galdyrdyk.
79. (Ähli) älemlerde Nuha salam bolsun!
 80. Biz, şeýdip, ýagşylary (sogap bilen) sylaglarys.
 81. Takyk, Ol Biziň iman getiren bendelerimizden bolupdy.
 82. Soň beýleki (iman getirmedikleri bolsa suwda) gark etdik.
 83. Takyk, Ybraýym hem Nuhuň nesillerindendi.
 84. Sebäbi ol hem Perwerdigärine päk ýüregi bilen gelipdi.
 85. Bir wagt Ybraýym atasyna we kowumyna (ýüzlenip): «Siz nämä ybadat edýärsiňiz?
 86. Alladan özge toslama hudaýlara (ybadat etmek) isleýärsiňizmi?
 87. Beýle bolsa älemleriň Perwerdigäri barada näme pikir edýärsiňiz?» diýipdi.
 88. Şondan soň Ybraýym ýyldyzlara göz aýlady.
 89. (Ybraýym, ýyldyzlara seredip pal atýan nadan kowum bilen olaryň boş-biderek toslama zatlardan doly baýramçylyklaryna gatnaşmajak bolup): «Men hassa bolupdyryn» diýdi.
 90. Olar dessine yzlaryna öwrülip gitdiler.
 91, 92. (Ybraýym) bukulyp, olaryň hudaýlarynyň (butlaryň) ýanyna bardy. (Ol ýerdäki naharlary görende): «Siz iýmeýärsiňizmi näme? Näme üçin gürlemeýärsiňiz?» diýdi.
 93. Şondan soň ýanlaryna baryp, sag eli bilen urup (butlary döwüp taşlady).
 94. (Butparazlar) Ybraýymyň ýanyna ylgaşyp geldiler.
 95. (Ybraýym olara): «Ýonup ýasan zatlaryňyza ybadat edýärsiňizmi?
 96. Sizi we siziň edýän zatlaryňyzy Alla ýaratdy ahyryn» diýdi.
 97. Olar: «(Ybraýymy ýakar ýaly) bir bina guruň, dessine ony oda taşlaň!» diýdiler.
 98. Şeýdip, olar Ybraýyma hile etjek boldular, emma biz olary zelil etdik.
 99. (Otdan halas bolan Ybraýym): «Men Perwerdigärime (tarap) gidýärin. Onuň Özi maňa dogry ýol görkezer.
 100. Eý, Perwerdigärim! Maňa salyhlaryň hatarynda bolup biljek (perzent) miýesser et!» diýdi.
 101. Şonda biz Ybraýyma akylly-ýumşak häsiýetli (Ysmaýyly berjekdigimizi) buşladyk.
102. (Ysmaýyl kakasy Ybraýymyň) ýanynda ylgap (işe ýarap) biljek ýaşa gelende, (kakasy): «Eý, oglum! Takyk, düýşümde seni gurban edýändigimi görýärin. Pikirlenip gör, sen näme diýýärsiň?!» diýdi. Onda ogly atasyna: «Eý, atam! Saňa näme tabşyrylan bolsa şony hem et! Alla halasa, sen meniň sabyrly kişilerden boljakdygymy görersiň» diýdi.
 103, 104, 105, 106. Olaryň ikisi hem (Hakyň emrine) boýun bolup, onuň (Ysmaýylyň) maňlaýyny ýere goýanda, Biz: «Eý, Ybraýym! Sen düýşüňdäki (emri) berjaý etdiň! Biz ýagşylary şeýdip sylaglarys. Takyk, bu görnüp duran synagdyr» diýip ýüzlendik.
 107. Biz onuň oglunyň deregine ullakan gurbanlyk berdik.
 108. Yzyndan dörejek (nesiller) üçin (Ybraýym) barada (ýagşy ýatlama) galdyrdyk.
109. Ybraýyma salam bolsun!
 110. Biz ýagşylary şeýdip sylaglarys.
 111. Sebäbi ol biziň iman getiren bendelerimizdendi.
112. Biz oňa salyhlardan bolan bir pygamber hökmünde oňa Yshagyň hoş habaryny berdik.
 113. Ybraýymy we Yshagy mübärekledik. Ýöne ikisiniň nesilleriniň arasyndan ýagşy iş etjegi hem, özlerine äşgär erbetlik etjegi hem bolar.
 114. Kasam bolsun! Biz Musa hem-de Haruna (pygamberlik) nygmatymyzy berdik.
 115. Olary we kowumlaryny uly kynçylykdan halas etdik.
 116. Olara goldaw berdik, şeýdip, olar üstün çykdylar.
 117. Ikisine-de (hakykaty) äşgär beýan edýän kitaby (Töwraty) berdik.
 118. Ikisini hem dogry ýola gönükdirdik.
 119. Soňky (nesilleriň) arasynda ikisi barada-da ýagşy ýatlama galdyrdyk.
 120. Musa we Haruna salam bolsun!
 121. Takyk, Biz ýagşylary şeýdip sylaglarys.
122. Takyk, ikisi hem iman getiren bendelerimizdendi.
 123. Elbetde, Ylýas hem pygamberlerdendi.
 124. Ol (Ylýas) kowumyna ýüzlenip: «(Allanyň buýruklaryna ters hereket etmekden) gorkmaýarsyňyzmy?
125. Siz ýaradyjylaryň iň ýagşysyny taşlap, Bagl (atly buta) ýalbarýarsyňyzmy? Düşündiriş: Bagl – Siriýada Bek şäheriniň ilatynyň ybadat eden butunyň ady. Soň ol şäheriň ady «Bekleriň buty» manysynda Baglbek bolup galypdyr.
 126. Alla siziň hem Perwerdigäriňizdir, siziň owalky (ötüp geçen) ata- babalaryňyzyň hem Perwerdigäridir» diýdi.
 127. Olar (Ylýasy) ýalançy hasapladylar. Şu sebäpli olaryň hemmesi gümansyz (dowzah oduna) eltilerler.
128. Diňe, Allanyň yhlasly bendeleri halas bolarlar.
 129. Soňky (nesilleriň) arasynda Ylýas barada (ýagşy ýatlama) galdyrdyk.
 130. Ylýasa hem salam bolsun!
 131. Elbetde, Biz ýagşylary şeýdip sylaglarys.
 132. Sebäbi ol Biziň iman getiren bendelerimizdendi.
 133. Takyk, Lut hem pygamberlerdendi.
 134. Biz Luty we onuň maşgalasynyň hemmesini halas etdik.
 135. Yzda galanlaryň arasyndan diňe garry aýaly (Allanyň gazaby inenleriň tarapynda bolanlygy üçin) halas etmedik.
136. Soň bolsa beýlekileriň hemmesini heläk etdik.
 137. (Eý, ynsanlar!) Elbetde, siz säher bilen olaryň üstünden geçip gidýärsiňiz.
 138. Agşam hem (olar bilen bile bolýarsyňyz, olaryň weýran edilen obalarynyň deňinden geçýärsiňiz). Henizem akylyňyzy ulanyp pikirlenmeýärsiňizmi?
139. Elbetde, Yunus hem iberilen pygamberleriň biridi.
 140. Ol üsti doly gämä münüp gaçyp gidipdi. Düşündiriş: Ýunus pygamber özüni ýalançy hasaplan kowumyna gaharlanyp, olaryň üstüne basym uly belanyň geljekdigini duýdurýar we Allatagalanyň rugsady, buýrugy bolmasa-da kowumynyň arasyndan çykyp gidip, bir deňziň kenarynda duran agyr ýükli gämä münýär. Gämi esli ýol alandan soň gaý turup ýa-da başga bir sebäpden howp astynda galýar. Şonda ýüki agdyklyk edýän gämiden bije atyp, ýolagçylaryň birini deňze taşlamaly bolýarlar. Bije Ýunus pygamberiň paýyna düşýär we ol deňze taşlanýar.
141. (Gämidäkiler bilen) bije atyşypdy. Emma ol ýeňlişe sezewar bolupdy.
142. (Ýunus özüne) käýinip durka, ony bir balyk ýuwdup goýberdi.
 143, 144. Egerde ol (Allany ýatlap), tesbih etmedik bolsady, gaýtadan direldiljek günlerine çenli balygyň garnynda bolardy.
 145. Ony takrap ýatan ýere çykaranymyzda, ol tapdan düşüpdi.
 146. Onuň üstüne (kölege bermek üçin) kädi pisint giň ýaprakly ösümligi gögerdip çykardyk.
 147. Ony ýüz müň, hatda ondan-da köpräk ynsana pygamber edip ugratdyk.
 148. Soň oňa iman getirdiler. Biz hem olara belli döwre çenli (dünýä nygmatlaryndan peýdalandyryp) ömür berdik.
 149. (Alla şärik goşýanlardan) sora hany: «Gyzlar Perwerdigäriňki bolup, oglanlar olaryňkymy?
 150. Ýa-da biz perişdeleri olaryň gözleriniň öňünde gyz edip ýaradypdyrysmy?».
 151, 152. Ägä boluň! Takyk, olar ýalan toslap: «Alla perzent dünýä inderdi» diýýärler. Takyk, olar baryp ýatan ýalançydyrlar.
153. (Eýsem) Alla oglanlara derek gyzlary saýlapmy?
 154. Size näme bolýar? Siz nähili höküm berýärsiňiz?
 155. Siz akylyňyzy ulanyp pikirlenmeýärsiňizmi?
 156. Ýa-da siziň (eliňizde Allanyň perzendiniň barlygy hakynda) äşgär deliliňiz barmy?
157. Eger-de dogryňyzy aýdýan bolsaňyz, kitabyňyzy getiriň?
 158. Alla bilen jynlaryň arasynda hem nesil baglanyşygyny oýlap tapdylar. Kasam bolsun! Jynlar hem özleriniň (hasap soraljak ýere) alnyp baryljakdyklaryny (anyk) bilýärler.
 159. Alla olaryň ýöňkeýän (ýalanlaryndan) päkdir. 160. Diňe Allanyň yhlasly bendeleri (azaba duçar edilmezler).
 161, 162. (Eý, kapyrlar) Siz we ybadat edýän zatlaryňyz, hiç haýsyňyz ony (ynsany Allanyň garşysyna) pitne çykarmaga iterip bilmersiňiz.
163. Diňe dowzaha girjek kişini (azdyryp bilersiňiz).
 164. (Perişdeler): «Biziň her haýsymyz üçin belli derejeler bardyr.
 165. Elbetde, biz ol ýerde hatar-hatar bolup durarys.
 166. Elbetde, biz (Allany päkläp) tesbih edýäris» (diýerler).
 167, 168, 169. (Butparazlar) bolsa: «Eger-de bizde hem öňkülere berlen (kitap bolsady), biz hem Allanyň yhlasly bendelerinden biri bolardyk» diýip aýdarlar.
 170. Indi bolsa ony (haky) inkär etdiler. Emma olar tiz wagtda (hakykata) göz ýetirerler.
 171. Kasam bolsun! Biz pygamber edip iberen bendelerimize söz beripdik.
 172. Olara hökman goldaw beriler.
 173. Takyk, Biziň goşunymyz hökman üstün çykar!
 174. Şol sebäpden sen olardan belli bir wagta çenli ýüz dönder (üns berme)!
 175. Olar tiz wagtda (başlaryna injek azaby) görerler.
 176. Biziň (berjek) azabymyza howlukmaçlyk edýärlermi?
 177. Haçan-da (azap) olaryň ýurtlarynyň (üstünden inende), duýduryş berlenleriň (emma ýola gelmän ötenleriň) säherleri nähili erbet bolar!
178. Sen belli bir wagta çenli olardan ýüz dönder (üns berme!)
 179. Eserdeň bolup, olara seredip dur!
 180. Seniň gudraty güýçli, yzzat eýesi bolan Perwerdigäriň olaryň ýöňkeýän toslamalaryndan päkdir!
181. Pygamber edilip ugradylan pygamberleriň hemmesine salam bolsun!
 182. Älemleriň Perwerdigäri bolan Alla hamdy-senalar bolsun!