1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

58.11. Eý, iman getirenler! Siz (bir ýere jemlenişen mahalyňyz): «Mejlisde (biri- biriňiz üçin sähel) ýer açyň» diýlende, dessine ýer açyň! Alla hem size giňişlik berer. Size: «Turuň!» diýlende, dessine ýeriňizden turuň! Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 65-nji süre: Talak

«Talak» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 12 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede talagyň hökümleriniň beýän edilýändigi üçin, bu at berlipdir. Bu sürede talak bermek, talakdan soň garaşylmaly möhlet, eklenç, çaga seretmek ýaly meseleler agzalýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Eý, pygamber! Aýallaryňyza talak berjek mahalyňyz olaryň yddatlary (möhletleri) doly (gutaransoň) talaklaryny beriň. Olaryň yddatyny (üns bilen) sanaň! Perwerdigäriňiz bolan Alla (garşy çykmakdan) gorkuň! Olar (aýallaryňyz) eger (zyna ýaly) äşgär bihaýalyk etmeseler, siz olary öýleriňizden çykarmaň! (Olaryň) özleri (hem) çykyp gitmesinler. Ine, bular Allanyň çäkleridir! Kim Allanyň çäklerinden geçse, ol özüne zulum edýändir. Belli däl, belki, Alla mundan soň (täze) bir iş (ýagdaý) emele getirip (hem biler).
2. (Garaşma) möhletiniň (üç aýbaşy) soňuna gelen wagtlary, olary ýa gowulyk bilen öýüňizde saklaň, (olar bilen nikany dowam etdiriň) ýa-da gowulyk bilen aýrylyşyň! (Bu talak üçin hem) özüňizden iki (erkek) adyl kişini şaýat tutuň! Şaýatlygy hem Alla üçin berjaý ediň! Bu sizden Alla we ahyret gününe iman getirenlere berlen öwüt-ündewdir. Kim Alla (garşy gelmekden) gorksa, Alla oňa (kynçylyklardan) çykyş (gapysyny) açar.
 3. Oňa hiç garaşmadyk tarapyndan rysgal berer. Kim Alla bil baglasa, Ol (Alla) oňa ýeterlikdir. Takyk, Alla Öz (islän) işini amala aşyrar. Takyk, Alla ähli zat üçin bir ölçeg kesgitländir.
 4. Aýallaryňyzdan (garrylyk ýa-da başga sebäpli) adatdan (aýbaşydan) kesilenleriň yddaty (möhleti) hakda (näçe wagt dowam edýändigi barada) şek-şübhä düşseňiz, olaryň, (şeýle-de) heniz haýyz (aýbaşy) görmedikleriň (talakdan soň) yddatlary (möhletleri) üç aýdyr. Hamyla aýallaryň yddatlary çagalaryny dogran badyna gutarýar. Kim Alla (garşy çykmakdan) gorksa, (Alla) hem oňa işinde ýeňillik berer.
5. Ine, bu Allanyň size inderen bir emridir. Kim Alla (garşy çykmakdan) gorksa, Alla onuň (ähli) günälerini örter we onuň sogabyny artdyrar.
 6. Olary (talak beren aýallaryňyzy), mümkin boldugyna görä, oturan mesgenleriňiziň (bir bölüminde) yddaty (möhleti) gutarýança saklaň! Olaryň (öýňüzden) çykyp gitmeklerini isläp, olaryň (eklenjini bermän) gyssaga salmaň! Eger olar hamyla bolsalar, çagalaryny dogurýança eklençlerini beriň! (Talak beren aýallaryňyz bilen gatnaşygyňyz kesilensoň), olar siziň (hasabyňyza) çagalaryňyzy emdirse, olaryň haklaryny beriň! Araňyzda (hak meselesini dine laýyklykda) ýagşylyk bilen çözüň! Eger (ejesiniň çagany emdirmezligi sebäpli) kynçylyk çekseňiz, (onda) atasy çagany (hak töläp) başga birini (süýt eneke) tutup emdirtmelidir.
 7. Ýagdaýy gowy bolan ýagdaýyna görä eklenji (bol edip) bersin! Ýagdaýy çäkli hem Allanyň özüne beren ýagdaýyna laýyklykda eklenç bersin! Alla hiç kimi beren (mümkinçiliginden) başga zat bilen jogapkärçilige çekmez. Alla (her bir) kynçylygyň yzyndan (hökman) ýeňillik döreder.
 8. Perwerdigäriniň we Onuň ilçileriniň emrinden (çykyp), azaşan niçeme ýurtlaryň (halky) bardyr. Biz olary hasaba çekdik hem-de deňsiz-taýsyz azap bilen jezalandyrdyk.
 9. Şeýdip, olar özleriniň etmişleriniň netijesini datdylar. Olaryň işleriniň soňy ökünç boldy.
 10, 11. Alla olar üçin (ahyretde) ýowuz azap taýýarlady. Eý, iman getiren akyl eýeleri! Alladan gorkuň! Alla size (hakykatlary ýatladýan) bir Zikir (Kuran) inderdi. (Şeýle-de) size bir ilçi iberdi. Ol iman getirip, ýagşy işleri edenleri tümlüklerden ýagtylyga çykarar ýaly, Allanyň (nurlar saçan) aýatlaryny size okap berýär. Kim Alla ynanyp, ýagşy işleri etse, Alla olary aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Alla oňa (beýle bendesine), bol rysgal berer.
 12. Alla ýedi gat asmany we ýerden hem şonçasyny (olaryň meňzeşini) ýaratdy. Siziň Allanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigini hem-de Ol ylmy bilen ähli zady gurşap alandygyny bilmegiňiz üçin Allanyň emri (we hökümi) bularyň arasynda inip (gatnar) durar.