1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

49. 1. Eý, iman getirenler! Allanyň we Onuň ilçisiniň öňüne geçmäň (Allanyň we pygamberiň hökümleriniň daşyndan höküm çykarmaň)! Alladan gorkuň! Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.

Başy » Sözbaşy » 45-nji süre: «Jäsiýe» («Dyza çöken»)

«Jäsiýe» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 37 aýatdan ybaratdyr. «Jäsiýe» sözi «Dyza çöken» diýen manyny aňladýar. Bu sürede ahyretde hemmeleriň Allanyň öňünde dyza çökjekdigi beýan edilýändigi üçin bu at bilen atlandyrylypdyr. Ol söz süräniň 28-nji aýatynda agzalýar. Bu sürede ynsanlar Allany tanamaklyga çagyrylýar we ynsanlaryň aňyna ahyrete ynanmak düşünjesiniň ornaşdyrylmagy öňe sürülýär. Şeýle hem wahynyň hakykatdygy barada aýdylyp, kapyrlaryň derbi-dagyn ediljekdigi, Alla iman getiren bendeleriň ahyrky netijede eşretli durmuşa ýetjekdigi aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ha, Mim.
 2. (Bu) kitabyň inderilmegi Gudraty güýçli, hikmet eýesi Alla (tarapyndandyr).
 3. Takyk, asmanlarda we ýerde möminler üçin (Allanyň gudratyny we hikmetini görkezýän) aýatlar (alamatlar) bardyr
. 4. Siziň (ynsanlaryň) ýaradylyşyňyzda we (Allanyň dünýäniň çar künjüne) ýaýradan janly-jemendelerinde (Allanyň barlygyna) anyk ynanýan kişiler üçin (ybrat beriji) alamatlar bardyr.
 5. Gije bilen gündiziň çalşyp durmagynda, Allanyň asmandan rysgal (ýagny ýagyş) inderip, onuň bilen ölüminden soň ýer ýüzüni direltmeginde, ýelleri (çar ýandan) öwüsdirip (durmagynda) akyllaryny ulanýanlar üçin (Allanyň gudratyny we hikmetini görkezýän) alamatlar bardyr.
 6. Saňa hak (we hikmet) bilen okaýan (aýdan) bu (zatlarymyz) Allanyň (gudratynyň we hikmetiniň) alamatlarydyr. Bes, Alla we Onuň aýatlaryna (ynanmanlaryndan) soň, olar (kapyrlar) haýsy söze ynanarkalar?
7. Her bir ýalan toslaýjy (töhmetçi) günäkäriň waý halyna!
 8. Ol (günäkär) özüne okalýan Allanyň aýatlaryny eşidýär, (ýöne) soň tekepbirlik edip, göýä, olary eşitmeýän ýaly (inkär etmegini) dowam etdirýär. Oňa jebir-jepaly azaby buşla.
 9. Eger (olar) Biziň (ol) aýatlarymyzdan bir zady bilseler, ony ýaňsylamaga başlarlar. (Şonuň üçin hem) olara ryswa ediji azap bardyr!
 10. Olaryň yzlarynda dowzah bardyr. Olara gazanan zatlary (baýlyklary) we Alladan başga tutan dostlary (hiç haýsy) peýda bermez. Olara (ahyretde) uly azap bardyr.
 11. Bu (Kuran) dogry ýola gönükdirýän (kitapdyr). Özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryny inkär edenlere (bolsa) jebir-jepaly elhenç azap bardyr.
 12. (Beýik) Alla öz emri bilen içinde gämileriň gezmegi we Özüniň pazly-kereminden (rysgal- nesibeleriňizi) gözlemegiňiz hem-de şükür etmegiňiz üçin deňizleri siziň hyzmatyňyza berendir.
 13. Ol (Alla) asmanlardaky we ýerdäki ähli zatlary (Özüniň pazly-keremi bilen) siziň hyzmatyňyza berdi. Takyk, munda pikirlenýänler üçin ybratlar bardyr.
 14. (Eý, Muhammet!) Iman getirenlere aýt: «Allanyň (jeza) günleriniň geljegine garaşmaýanlaryň (berýän jebir- jepalaryna sabyr etsinler we olaryň) günälerini bagyşlasynlar! (Alla) her kimiň (öz) gazanan zadyna (işine) görä hakyny berer».
 15. Kim ýagşy bir iş etse, öz bähbidinedir. Kim erbetlik etse, (ol hem onuň) öz zyýanynadyr. Soň (siz) Perwerdigäriňize dolanyp getirilersiňz?!
 16. Kasam bolsun! Biz (belli bir döwürde) ysraýyl ogullaryna kitap we pygamberlik berdik. Olara päk (halal) zatlardan rysgal berdik. Olary barça äleme (we şol döwürde ýaşaýan adamlara) üstün etdik.
 17. Olara (din we dünýä) işlerinde äşgär deliller (mugjyzalar) berdik. Bes, olar özlerine ylym gelensoň, öz aralaryndaky göripçilik (hem-de bahylçylyk) zerarly (dini işlerde) çaprazlyklara düşdüler. Takyk, seniň Perwerdigäriň kyýamat güni olaryň çaprazlyklara düşen (ol) zatlary (meseleleri) barada (dogry) höküm berer.
 18. Soň (din) işinde saňa (aýdyň) bir şerigat (ýol) berdik. Sen oňa (ol ýola) tabyn bol! (Hakykaty) bilmeýänleriň arzuw-isleglerine boýun bolma!
 19. Takyk, olar Alladan (geljek hiç bir) zady (belany) senden hiç haçan sowup bilmezler. Takyk, zalymlar biri-birleriniň dostlarydyrlar. Alla (bolsa) takwalaryň dostudyr.
 20. Bu (Kuran) ynsanlar üçin (ýollaryny ýagtyldýan) ýagtylykdyr (nurdur). Iman getiren kişiler üçin (bolsa) dogry ýoldur we rahmetdir.
 21. Ýa-da erbetlikleri edýänler Biziň özlerini iman getirip, ýagşy işleri edýänler bilen deň tutjagymyzy pikir edýärlermi? Olaryň dirileri-de ölüleri- de olar (möminler) bilen deň bolarmy?! Olaryň höküm berýän zatlary nähili erbetdir!
 22. Alla asmanlary we ýeri hak (we hikmet) bilen ýaratdy. Her kim gazanan zadynyň (eden işiniň) hakyny alar. Olara zulum edilmez.
 23. Sen öz arzuw-islegini hudaý tutunan, Alla (mälim bolan) bir ylma görä özüni azaşdyryp, gulagyny we kalbyny möhürlän, gözlerine hem perde çeken kişisini gördüňmi? Bes, ony (beýle kişini) Alladan başga kim dogry ýola gönükdirip biler? Bes, siz (bulardan) öwüt almaýarsyňyzmy? Düşündiriş: Bu ýerde şu many öňe sürülýär. Hak ýoldan üzňe bolup, haý-höwesiň guly bolmak gözi kör, gulagy ker, kalby ýowuz eder. Beýle adam hakykaty aňmaz.
 24. (Ahyreti inkär edenler): «Biziň ýaşaýşymyz meger bu dünýädedir (başga ýaşaýyş ýokdur). Biz ölýäris we ýaşaýarys. Bizi diňe (geçýän) zamana heläk edýär» diýdiler. Olaryň (aýdýan) bu (zatlary) barada bilýän zady ýokdur. Olar diňe güman edýärler.
25. Olara Biziň aýatlarymyz äşgär okalan wagty, olaryň: «Eger (siz) dogruçyl bolsaňyz, (öten) ata-babalarymyzy (direldip) getiriň!» diýmekden başga delilleri ýokdur.
 26. Sen (olara): «Alla (jan berip) sizi direldýär, soň sizi öldürýär. Soň siziň hemmäňizi (boljagyna) hiç (hili) şek-şübhe bolmadyk kyýamat güni (bir ýere) jemlär. Emma ynsanlaryň köpüsi oňa (ynanyp) bilmeýärler» diýip aýt.
 27. Asmanlaryň we ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. (Kyýamat) sagadynyň güni gelip ýetende, ol gün (ters ýola düşüp), batyl (zatlaryň) yzynda bolanlar (uly) zyýan çekerler.
 28. (Ol günde) her bir ymmaty dyza çöken ýagdaýda görersiň. Her bir ymmat öz (hasap) kitabyna (depderine) çagyrylar. (Olara): «Bu gün (dünýäde eden işleriňiz üçin) sylagyňyzy alarsyňyz» (diýler).
29. Bu size (diňe) hakykaty aýdýan kitabymyzdyr. Takyk, Biz siziň edýän (ähli) işleriňizi ýazýardyk.
 30. Bes, iman getirip, ýagşy işleri edenleri bolsa özleriniň Perwerdigäri rahmetine salar. Bu äşgär üstünlikdir.
31. Emma kapyrlara: «Siz özüňize aýatlarym okalanda tekepbirlenip, günäkär kowum bolmadyňyzmy?» (diýler).
 32. Size: «Allanyň wadasy (azaby) hakdyr, (kyýamat) sagadynyň (geljegine) şek-şübhe ýokdur» diýlende, (siz): «Biz (kyýamat) sagadynyň nämedigini bilmeýäris, biz (ony) diňe bir çaklama diýip güman edýäris. Biz (oňa) doly ynanmaýarys» diýipdiňiz.
 33. (Şonuň üçin) olara eden (ähli) erbetlikleri aýan boldy we olaryň ýaňsylaýan zatlarynyň (azaby) olary (doly) gurşap aldy.
 34. (Olara): «Siziň şu güne duşmagy unudyşyňyz ýaly, Biz hem bu gün sizi unutdyk. Siziň tünegiňiz otdur (dowzahdyr). Siziň hiç hili kömekçiňiz ýokdur» diýildi.
35. Munuň (sebäbi), takyk, siz Allanyň aýatlaryny (äsgermezçilik edip) ýaňsyladyňyz we dünýä ýaşaýşy sizi aldady. Bes, bu gün olar ol ýerden (dowzahdan) çykarylmazlar, olaryň tobalary (ötünçleri) hem kabul edilmez.
 36. Bes, ähli hamdy-senalar asmanlaryň Perwerdigäri, ýeriň Perwerdigäri we älemleriň Perwerdigäri (bolan) Alla mahsusdyr!
 37. Asmanlarda we ýerde beýiklik diňe Alla mahsusdyr. Ol (Alla) Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.