1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

53.28. Olaryň muňa degişli ylymlary (bilýän zatlary) ýokdur. Olar diňe çaklama (öz pikirlerine) eýerýärler. Takyk, çaklama hakykatyň ýanynda hiç zat aňladýan däldir.

Başy » Sözbaşy » 12-nji süre: Ýusup

«Ýusup» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 111 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň başyndan başlap, tä 101-nji aýatyna çenli Ýusup pygamberiň kyssasynyň beýan edilýändigi üçin, Ýusup pygamberiň ady dakylypdyr. Bu süre pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň Alla şärik goşýan mekgeli kapyrlar tarapyndan ezýet berlip, agyr günler geçirýän döwründe inderilipdir.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Ra. Bular aýdyň kitabyň (Kuranyň) aýatlarydyr.
 2. Takyk, Biz ony, siziň akyl ýetirmegiňiz üçin, arap (dilinde) Kuran edip inderdik.
 3. (Eý, Muhammet!) Biz saňa, bu Kurany wahyý etmek bilen, kyssalaryň iň gözelini beýan edýäris. Ýöne sen mundan ozal (bulardan) bihabardyň.
 4. Bir wagtlar Ýusup atasyna (kakasyna): «Eý, atam! Men (düýşümde) on bir ýyldyzy, güni we aýy gördüm. Olary maňa sežde edýän halda gördüm» diýdi.
 5. (Ýakup): «Eý, oguljygym! Sen düýşüňi doganlaryňa aýtma! Saňa duzak gurarlar. Takyk, şeýtan adamlar üçin äşgär duşmandyr» diýdi.
 6. Takyk, Perwerdigäriň seni (geljekde pygamber edip) saýlar we hadysalaryň (düýşleriň) ýorgudyny öwreder. Şeýdibem, mundan öňki ata- babalaryň bolan Ybraýyma we Yshaka (nygmatyny) berişi ýaly, saňa we Ýakubyň maşgalasyna-da nygmatyny berer. Takyk, seniň Perwerdigäriň ähli zady bilýändir, hikmet eýesidir.
 7. Takyk, Ýusup we onuň doganlarynda soraýanlar üçin ybratlar bardyr.
 8. Bir wagtlar (Ýusubyň enebaşga doganlary): «Dogrusy, biz bir topar bolsak-da, Ýusup we onuň inisi atamyz üçin bizden has söýgüliräk. Takyk, biziň atamyz görnüp duran ýalňyşlykdadyr.
 9. Ýusuby öldüriň ýa-da ony bir ýere taşlaň, (goý), ataňyzyň ünsi ýalňyz size gönüksin we ondan soň hem (toba edip), ýagşy kowum bolarsyňyz» diýdiler.
 10. Olardan biri söz alyp: «Ýusuby öldürmäň! Eger oňa (bir zat) etmekçi bolsaňyz, ony guýynyň düýbüne taşlaň, geçip barýan (kerwenleriň) biri ony alyp gitsin» diýdi.
 11. (Bu pikiri goldanlaryndan soň, Ýakubyň ýanyna gelip): «Eý, atamyz! Ýusuby bize ynanmaz ýaly, saňa näme boldy?! Elbetde, biz oňa ýagşylyk etmek isleýäris.
 12. Ony ertir biziň bilen iber. Gezsin, oýnasyn. Elbetde, biz ony hökman gorarys» diýdiler.
 13. (Ýakup): «Ony (Ýusuby) alyp gitmegiňiz meni juda gamgyn eder. Men siziň ondan gapyl galmagyňyzdan, ony hem möjegiň iýmeginden gorkýaryn» diýdi
14. (Olar): «Biz bir (güýçli hem köp sanly) topar bolup durkak, ony möjek iýse, onda takyk, biz uly zyýana (masgaraçylyga) galarys» diýdiler.
15. Ony (Ýusuby) alyp gidip, bir agyzdan ony guýynyň düýbüne (taşlamaklyk baradaky) karara gelenlerinde, Biz oňa (Ýusuba): «(Eý, Ýusup!) Sen olara bu (eden) işlerini olaryň garaşmaýan wagtlarynda hökman habar berersiň» diýip wahyý etdik.
 16. Olar gijara aglaşyp atalarynyň ýanyna geldiler.
 17. Olar: «Eý, atamyz! Biz ýaryşmaga gitdik. Ýusuby bolsa goşumyzyň ýanynda goýduk. Şonda ony möjek iýipdir. Ýöne sen dogrymyzy aýtsak hem, bize ynanmarsyň» diýdiler.
 18. Onuň köýnegini (başga) ýalan gana (boýap) getirdiler. (Şonda Ýakup): «Ýok, siziň haý-höwesiňiz bir (ýaman) işi (size) gözel edip görkezdi. Indi (maňa düşeni) gözel sabyr etmekdir. Siziň aýdýan zatlaryňyza garşy ýardam talap ediljek (diňe) Alladyr» diýdi.
 19. Bir kerwen geldi. Suwçularyny iberdiler. (Suwçy) gowany (guýa) sallady. «Buşluk, bu bir oglan» diýdi. Ony (Ýusuby) söwda harydy hökmünde (öz kerwenlerindäki beýleki ýolagçylardan) gizlediler. Alla olaryň edýän zatlaryny bilýändir.
 20. Ony (Ýusuby) arzan baha (sanlyja) dirheme satdylar. Olar oňa (Ýusuba) ähmiýet bermeýärdiler.
 21. Ony satyn alan Müsüriň weziri aýalyna: «Ony hormatlap sakla. Belki, bize peýdasy deger ýa-da ony ogulluk alarys» diýdi. Ine, şeýdip, biz Ýusuby, oňa hadysalaryň (düýşleriň) ýorgudyny öwretmek üçin ol ýerde ýerleşdirdik. Alla işinde üstün çykyjydyr. Ýöne adamlaryň köpüsi bilmezler.
 22. (Ýusup) kämillik ýaşyna ýetende, oňa hikmet we ylym berdik. Ýagşylyk edýänleri, ine, şeýdip sylaglarys.
23. Ony (Ýusuby) öýünde (saklaýan) aýal onuň nebsinden (jynsy isleginden) myradyna ýetmek isledi hem-de gapylary mäkäm gulplap: «Hany, bärik gel» diýdi. (Ýusup): «Alla saklasyn. Takyk, ol meniň Perweridgärimdir. Ol maňa örän ýagşylyk etdi. Takyk, zalymlar halas bolmazlar» diýdi.
 24. (Ol aýal), takyk, oňa (Ýusuba) maýyl boldy. Eger Perwerdigäriniň delilini (duýduryşyny) görmedik bolanda, (Ýusup) hem oňa maýyl bolardy. Ondan erbetligi we paýyş işi sowmak üçin, ine, şeýle etdik. Elbetde, ol (Ýusup) yhlasly bendelerimizdendir.
 25. Ikisi-de gapa ylgady we onuň (Ýusubyň) köýnegini arka tarapdan ýyrtdy. Gapynyň ýanynda onuň adamsyna gabat geldiler. (Şonda ol aýal): «Seniň maşgalaňa erbetlik etmek isleýän kişiniň jezasy zyndana taşlanmakdan ýa- da yza beriji azapdan başga näme bolup biler?» diýdi.
 26. (Ýusup): «Ol (aýal) menden myradyna ýetmek isledi» diýdi. (Muňa) onuň ählinden bolan bir şaýat güwä geçip: «Eger onuň köýnegi öň tarapdan ýyrtylan bolsa, onda (aýal) dogry aýdýar. Ol (Ýusup) bolsa ýalan sözleýänlerdendir.
 27. Eger onuň köýnegi arka tarapdan ýyrtylan bolsa, onda (aýal) ýalan sözleýär. Ol (Ýusup) bolsa dogry sözleýänlerdendir» diýdi.
 28. (Wezir) köýnegiň arkadan ýyrtylandygyny görende: «Şübhesiz, bu siziň (aýallaryň) mekirligiňizdendir. Takyk, siziň hiläňiz juda uludyr.
 29. (Eý, ) Ýusup, sen bu (işi) gozgama (hiç kime aýtma!) Sen (aýal) hem ötünç sora. Çünki sen günäkärlerden bolduň» diýdi.
 30. Şäherdäki aýallar: «Weziriň aýaly hyzmatkäriniň şöhwetinden myradyna ýetmek isläpdir. Yşk onuň kalbyny eýeläpdir. Takyk, biz onuň göz-görtele ters ýoldadygyny görýäris» diýdiler.
 31. (Ol aýal) olaryň hilegärliklerini (gybatlaryny) eşidende, ol aýallara (çakylyk) iberdi. Olara ýassanyp oturylýan (düşekleri) taýýarlady we olaryň her birine bir pyçak berdi. (Soň Ýusuba) «Olaryň öňüne çyk» diýdi. Aýallar ony (Ýusuby) görenlerinde, ony örän beýik hasapladylar we (oňa haýran galyp) ellerini kesdiler hem-de «Ähli kemçilikden päk bolan Allanyň haky üçin, bu ynsan däl. Bu keremli perişdeden özgesi däldir» diýdiler.
 32. (Ol aýal): «Ine, meni şu kişi hakda aýypladyňyz. Dogrudan hem, men onuň şöhwetinden myradyma ýetmek isledim. Ýöne (ol meni ret edip), päk galmak isledi. Eger ol meniň emir eden zadymy etmese, hökman zyndana taşlanar we elbetde, (mertebesi) pese düşenlerden bolar» diýdi.
 33. (Ýusup): «Eý, Perwerdigärim! Olaryň çagyrýan zadyndan maňa zyndan has ýagşy. Eger menden olaryň hilelerini (sapalaklaryny) sowmasaň, olara maýyl bolup, nadanlardan bolaryn» diýdi.
 34. Onuň Perwerdigäri dilegini kabul etdi. Şeýdibem, Ol aýallaryň hilesini ondan sowdy. Takyk, Ol ähli zady eşidýändir, bilýändir.
 35. Soň olar (Ýusubyň günäsizdigi baradaky) delilleri görenlerinden soň hem, ony belli bir wagta çenli (gep- gürrüň ýatýança) tussaglykda saklamagy makul gördüler.
 36. Zyndana onuň bilen iki ýigit hem girdi. Olaryň biri: «Men düýşümde şerap sykyp berenimi gördüm» diýdi. Beýlekisi hem: «Men düýşümde kellämiň üstünde çörek alyp gidip barýarkam, ondan guş çokýanyny gördüm. Bize munuň ýorgudyny habar bersene. Çünki biz seniň ýagşylyk edýänlerdendigiňi görýäris» diýdi.
37. (Ýusup): «Size rysgal edilip beriljek tagam entek size gelmänkä, men onuň ýorgudyny habar bererin. Bular maňa Perwerdigärimiň öwreden zatlarydyr. Çünki men Alla ynanmaýan, ahyreti inkär edýän kowumyň dinini terk etdim.
 38. Men atalarym Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň dinine eýerdim. Biziň Alla (ybadat etmekde) Oňa hiç bir şärik goşmaga hakymyz ýokdur. Bu, (iman getirmek) bize hem-de ynsanlara Allanyň pazly-keremindendir. Ýöne adamlaryň köpüsi şükür etmeýärler.
 39. Eý, meniň zyndandaky iki dostum! Dürli görnüşli hudaýlar ýagşymy ýa-da ýeke-täk Hökmürowan Alla (ýagşymy)?
 40. Siz Ondan (Alladan) gaýry siziň we ata-babalaryňyzyň (toslap) dakan atlaryna ybadat edýärsiňiz. Alla olara (ybadat etmek) barada hiç bir delil indermedi ahyry. Höküm bolsa diňe Allanyňkydyr. Ol diňe Özüne ybadat etmegiňizi emir edýär. Ine, dogry din şudur. Ýöne ynsanlaryň köpüsi bilmezler.
 41. Eý, meniň zyndandaky iki dostum! Indiş (düýşüňiziň ýorgudy barada aýdar bolsam) biriňiz hojaýynyna (öňküsi ýaly) şerap sykyp berer. Beýleki (biriňiz) asylar, kellesini guşlar çokar. Siziň ol soraýan (düýşüňiziň ýorgudy) şeýle boldy» diýdi.
42. (Ýusup) olardan halas bolmagyny umyt edýän kişä (özüniň zyndanda bigünä saklanýandygyny ýetirmek maksady bilen): «Meni hojaýynyň ýanynda ýatla!» diýdi. Ýöne oňa hojaýynynyň ýanynda (Ýusuby) ýatlamagy şeýtan unutdyrdy. Şeýdibem, (Ýusup) zyndanda birnäçe ýyl galdy.
 43. (Bir gün) hökümdar: «Men (düýşümde) ýedi semiz sygyr görýärin. Olary ýedi (sany) arryk (sygyr) iýýär. (Ýene düýşümde) ýedi ýaşyl sümmül we beýlekileri gury (bolan sümmüller görýärin). Eý, emeldarlar! Eger düýşi ýorýan bolsaňyz, hany, maňa düýşümiň ýorgudyny aýdyň!» diýdi.
44. (Olar: «Bular) bulaşyk (düşnüksiz) düýşler. Biz (beýle) bulaşyk düýşleriň ýorgudyny bilmeýäris» diýdiler.
45. Ol iki kişiden halas bolany köp wagtdan soň (düýş meselesi sebäpli, Ýusuby) ýadyna saldy hem-de «Onuň ýorgudyny men habar bereýin. Meni (zyndana) iberiň!» diýdi.
 46. (Ol, Ýusubyň ýanyna gelip): «Ýusup! Eý, dogruçyl! Bize: «Ýedi semiz sygryň ýedi arrygy (sygry) iýmegini we ýedi ýaşyl sümmül we beýlekileri bolsa gury (sümmüller)» barada ýorgut edip ber! Olaryň (bu düýşüň ýorgudyny) bilmekleri üçin men adamlaryň ýanyna dolanyp baraýyn» diýdi.
47. (Ýusup): «Ýedi ýyl tagalla edip (zähmet çekip, bugdaý) ekersiňiz. Ýygnan hasylyňyzy (ammarlarda) başy (sümmüli, çybygy) bilen goýuň! Diňe iýjek az mukdardaky (bugdaýy ulanyň).
 48. Soň onuň yzyndan ýedi ýyllyk gytlyk geler. Ol ýyllarda (tohumlyk üçin) alyp galjak az mukdardaky (bugdaýyňyzdan) başga ýygnan gallalaryňyzy iýmeli bolarsyňyz.
 49. Soň onuň yzyndan bir ýyl geler, şonda (ol ýylda) ynsanlara bol ýagyş ýagdyrylar we şonda (mallaryny sagarlar, miweleriň suwuny içmek üçin) sykarlar» diýdi.
50. Hökümdar: «Ony (Ýusuby) meniň ýanyma getiriň!» diýdi. Oňa (Ýusuba) ilçi gelende (ilçä): «Hojaýynyňa dolan. Oňa ellerini kesen aýallaryň wakasy nähilidi? (diýip) sora. Şübhesiz, meniň Perwerdigärim olaryň hilelerini bilýändir» diýdi.
 51. (Hökümdar aýallara): «Ýusubyň şöhwetinden myradyňyza ýetmekden maksadyňyz näme?» diýdi. (Aýallar): «Alla saklasyn. Biz onuň hiç bir ýamanlygyny görmedik» diýdiler. Müsür weziriniň aýaly: «Indi hakykat aýan boldy. Men onuň şöhwetinden myradyma ýetmek isledim. Emma ol dürs kişilerdendir» diýdi.
52. (Ýusup): «Men muny (adamsynyň) ýoklugynda oňa hyýanat etmändigimi we onuň Allanyň haýynlaryň duzagyny başa bardyrmaýandygyny bilmegi üçin (etdim)» diýdi.
53. «Men nebsimi aklamaýaryn. Çünki nebis elmydama ýamanlygy emir edijidir. Diňe Perwerdigärimiň merhemet eden (bendesi ýaman işleriň ugruna gitmez). Takyk, meniň Perwerdigärim Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
54. Hökümdar: «Ony (Ýusuby) maňa getiriň, özüme geňeşçi (ýakyn adam) edineýin» diýdi. (Hökümdar) onuň bilen gürleşende: «Bu gün sen meniň ýanymda mertebeli, ynamdar (kişisiň)» diýdi.
 55. (Ýusup): «Meni (şu) ýeriň hazynalaryna (gözegçi edip) belle. Çünki men gowy gözegçilikde saklaýjy, (bu işiň ýagdaýyny) bilýändirin» diýdi.
 56. Şeýdip, Ýusuby islän ýerinde ornaşmagy (üçin) ol ýerde (Müsürde) ýerleşdirdik. Biz islän kişimize rahmetimizi nesip ederis. Biz ýagşylyk edýän (dürs, dindar kişileriň) hakyny- sogabyny köýdürmeris.
 57. Elbetde, iman getirenler we (günälerden) saklanýanlar üçin ahyret peşgeşi has haýyrlydyr.
 58. Ýusubyň doganlary geldi we onuň ýanyna girdiler. (Ýusup) olary tanady, (ýöne) olar ony tanamadylar.
59. (Ýusup) olaryň hajatlaryny bitirensoň (olara): «Maňa atabir erkek doganyňyzy (iniňizi) getiriň! Görmeýärsiňizmi, men (bugdaýy) doly ölçäp berýärin. Men myhmansöýerleriň ýagşysydyryn.
 60. Eger ony (iniňizi) maňa getirmeseňiz, size meniň ýanymda bir ölçeg (mukdardaky bugdaý) hem ýokdur. (Ony getirmeseňiz) maňa golaýlaşmaň!» diýdi.
 61. (Olar): «Ony atasyndan diläris. Elbetde, biz (muny) hökman ederis» diýdiler.
 62. (Ýusup) ýigitlerine: «Olar maşgalalaryna dolanyp baranlarynda, ony bilmekleri üçin we olaryň (ýene- de) gaýdyp gelmekleri üçin olaryň (däne almak üçin getiren) pullaryny ýükleriniň içine salyň!» diýdi.
 63. (Wezir) olar atalarynyň ýanyna dolanyp baranlarynda: «Eý, atamyz! Bize bir ölçeg (mukdaryndaky däne) hem gadagan edildi. Doganymyzy biziň bilen iber. Ölçäli (paýymyza düşeni alaly. Ynamsyzlyk etme.) Biz ony hökman gorarys» diýdiler.
64. (Ýakup): «Men size ony (iniňizi) diňe öň onuň doganyny (Ýusuby) ynanyşym ýaly ynanaýynmy?! Alla iň gowy goraýjydyr we Ol rehimdarlaryň iň rehimdarydyr» diýdi.
 65. Olar ýüklerini açanlarynda pullarynyň özlerine gaýtarylyp berlendigini gördüler hem-de: «Eý, atamyz! (Başga) näme gerek? Ine, pullarymyz özümize gaýtarylyp berlipdir. Ýene maşgalamyza azyk getireris, biz doganymyzy gorarys we bir düýe ýüki artyk alarys. Bu (getirenimiz) az mukdardadyr» diýdiler.
66. (Ýakup): «Siz ony maňa getirjegiňiz barada Allanyň adyndan ynamly söz (ähti-peýman) berýänçäňiz, men ony hiç haçan siziň bilen ibermerin. Ýöne gabawa düşseňiz (onda başga)» diýdi. Olar oňa ynamly söz berenlerinde, ol (Ýakup): «Biziň aýdýan zatlarymyza Alla şaýatdyr» diýdi.
 67. (Ýakup): «Eý, ogullarym! (Şähere) bir derwezeden girmäň, aýry derwezelerden giriň. Men Alladan (geljek) hiç bir zady sizden sowup bilmerin. Hökmürowanlyk ýalňyz Alla mahsusdyr. Men diňe Oňa (Alla) bil baglaýaryn. Ynam edýänler ýalňyz Oňa bil baglasynlar» diýdi.
 68. Olar atalarynyň emir eden ýerinden (aýry derwezelerden) girenlerinde, (munuň) Ýakubyň öz ýanyndan eden dilegi (islegi) hasyl bolmakdan başga (nepi degmedi. Çünki bu) Alladan (geljek) hiç bir zady olardan sowmazdy. Elbetde, ol Biziň özüne beren tälimimiz sebäpli, ylym eýesidi. Ýöne ynsanlaryň köpüsi (muny) bilmezler.
 69. Olar Ýusubyň ýanyna girenlerinde, ol doganyny (inisini) ýanyna aldy. (Ýusup oňa): «Men seniň doganyňdyryn. Mundan beýläk olaryň eden zatlaryna gamlanma» diýdi.
 70. (Ýusup) olaryň ýüküni tutanda, doganynyň (inisiniň) goşuna suw gabyny saldy. Soň bolsa jarçy: «Eý, kerwen (eýeleri), siz hakyky ogrusyňyz» diýip seslendi.
 71. (Ýusubyň doganlary) olara öwrülip: «Näme ýitirdiňiz?» diýdiler.
 72. (Jarçylaryň biri): «Hökümdaryň suw gabyny ýitirdik. Ony getiren kişä bir düýe ýüki (sylag) bar. Bu işe men jogapkär» diýdi.
73. (Ýusubyň doganlary): «Alla kasam edýäris. Siz anyk bilýärsiňiz, biz bu ýere bozgaklyk etmek üçin gelmedik. Biz ogry däldiris» diýdiler.
 74. (Olar): «Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, onuň jezasy näme bolar?» diýdiler.
 75. (Ýusubyň doganlary): «Onuň jezasy (ýitiren zadyňyz) kimiň ýükünden tapylsa, jezasy ol kişi (ogurlan zadynyň deregine alnyp galynmagy bilen jezalandyrylýandyr). Biz zalymlary şeýle jezalandyrýarys» diýdiler.
76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.
 77. (Ýusubyň doganlary): «Eger ol ogurlyk eden bolsa, ozal onuň dogany (Ýusup) hem ogurlyk etdi» diýdiler. Ýusup ony (olaryň ýapýan ogurlygyny) içinde saklady we olara ony aýan etmedi. (Öz ýanyndan bolsa): «Siz has erbet haldasyňyz. Siziň aýdýanyňyzy Alla has gowy bilýändir» diýdi.
 78. (Olar): «Eý, häkim (Ýusup)! Onuň uly (ýaşly) garry atasy bar. Onuň ýerine biziň birimizi alyp gal! Çünki biz seniň ýagşylyk edýänlerdendigiňi (dürs hem dindar kişidigiňi) görüp durus» diýdiler.
 79. (Ýusup): «Zadymyzy ýanyndan tapan kişimizden başgasyny alyp galmakdan Alla saklasyn! Ýogsa biz hakyky zalymlardan bolarys» diýdi.
 80. Indi ondan umytlaryny üzensoňlar, maslahatlaşmak üçin çete çykdylar. Olaryň ulusy: «Ataňyzyň sizden Allanyň adyndan ynamly söz alandygyny we ozal hem Ýusup dogrusynda goýberen kemçiligiňizi bilmeýärsiňizmi? Maňa atam rugsat berýänçä ýa-da meniň üçin Alla höküm berýänçä, hiç haçan şu ýerden gitmerin. Ol (Alla) iň haýyrly hikmet eýesidir!
 81. Siz ataňyzyň ýanyna baryp: «Eý, atamyz! Takyk, (kiçi) ogluň ogurlyk etdi. Biz diňe bilýän zadymyza şaýatlyk edýäris. Biz gaýyby (beýle zadyň boljagyny) bilmeýärdik.
 82. (Ynanmasaň) biziň bolan şäherimize (şäheriň ýaşaýjylaryna) we biziň bilen gelen kerwene sorag salyp gör. Biz dogry sözleýäris» diýip aýdyň!» diýdi.
 83. (Ýakup): «Ýok, siziň haý-höwesiňiz (ol) işi gözel edip görkezdi. Indi (maňa düşeni) gözel sabyr etmekdir. Belki, Alla maňa olaryň (ogullarymyň) ählisini hem (aman) getirer. Takyk, Ol ähli zady bilýändir, hikmet eýesidir» diýdi.
 84. (Ýakup) olardan ýüz öwrüp: «Wah, biçäre Ýusup» diýdi. Gam-gussadan ýaňa onuň gözleri agardy (kör boldy we) ol gaýgy-hasratyny içine saldy.
 85. (Ýakubyň ogullary): «Sen entegem Ýusuby ýatlaýarsyň! Alla kasam bolsun! Sen ahyry, şeýdip, agyr kesele ýolugarsyň ýa-da heläk bolarsyň» diýdiler.
 86. (Ýakup): «Men derdimi we gam- gussamy ýalňyz Alla arz edýärin. Men Alladan (inýän wahyý bilen) siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin.
 87. Eý, ogullarym! Gidiň, Ýusuby we doganyňyzy idäň, Allanyň rahmetinden umydyňyzy üzmäň! Çünki kapyr kowumdan başgasy Allanyň rahmetinden umydyny üzmez» diýdi.
 88. (Olar) Ýusubyň ýanyna girenlerinde: «Eý, häkim! Bizi we neberämizi gytlyk basdy. Biz (bugdaýa çalyşmak üçin) ähmiýetsiz zatlar bilen geldik. Şonda-da bize (bugdaýy) doly ölçäp bergin we bize sadaka hem ber! Şübhesiz, Alla sadaka berýänleri sylaglar» diýdiler.
 89. (Ýusup): «Siz nadan wagtyňyz Ýusuba we onuň doganyna näme edendigiňizi bilýärsiňizmi?» diýdi.
 90. (Olar): «Eýsem, sen, hakykatdan- da Ýusupmy?» diýdiler. (Ol: «Hawa) men Ýusup, bu bolsa inim. Alla bize merhemet etdi. Dogrusy kim (Alladan) gorksa we sabyr etse, takyk, Alla ýagşylyk edýänleriň (dindar kişileriň) hakyny (sogabyny) köýdürmez» diýdi.
91. (Olar): «Alla kasam bolsun! Dogrudan-da, Alla seni bizden üstün etdi. Takyk, biz hata etdik» diýdiler.
 92. (Ýusup): «Bu gün sizi ýazgarmak ýok. Sizi Alla bagyşlasyn! Ol rehimdarlaryň iň Rehimdarydyr.
 93. Meniň şu köýnegimi alyp gidiň we atamyň gözüne sürtüň, gözi açylar. Maňa ähli maşgalaňyz bilen bile geliň!» diýdi.
 94. Kerwen aýrylanda (ýola düşende) olaryň atasy: «Eger maňa akyly çaşan diýmeseňiz, takyk, men Ýusubyň ysyny alýaryn» diýdi.
 95. (Ýakubyň ýanyndakylar): «Alla kasam bolsun! Dogrusy, sen henizem ozalky (Ýusup diri diýen) ýalňyşlygyňda» diýdiler.
 96. Buşlukçy gelende, (Ýusubyň köýnegini) onuň ýüzüne sürtdi (we) şolbada (Ýakubyň) gözi açyldy. (Ýakup): «Men size «Men Alladan (gelýän ylym saýasynda) siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin» diýmänmidim?» diýdi.
 97. (Ýakubyň ogullary): «Eý, atamyz! (Allanyň) biziň günälerimizi bagyşlamagyny diläweri. Şübhesiz, biz hata etdik» diýdiler.
98. (Ýakup): «Men siziň günäleriňizi bagyşlamagy üçin Perwerdigärime ýalbararyn. Takyk, Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» diýdi.
 99. (Ählisi jem bolup) Ýusubyň ýanyna baranlarynda, (Ýusup) ene-atasyny bagryna basdy hem-de: «Allanyň islegi bilen Müsüre giriň!» diýdi.
 100. (Ýusup) ene-atasyny tagtyň üstüne çykardy we (Ýusubyň ene- atasy we doganlary) onuň üçin sežde etdiler. (Ýusup:) «Eý, ata! Ine, bu bir wagtky (gören) düýşümiň ýorgudy. Takyk, Perwerdigärim ony (ol düýşi) hakykata öwürdi. (Ol) hakykatdan- da maňa ýagşylyk etdi, çünki meni zyndandan çykardy we şeýtan meniň bilen doganlarymyň arasyny bozandan soň hem, sizi çölden getirdi. Takyk, Perwerdigärim islän zadyny nepislik bilen bagyş edijidir. Takyk, Ol ähli zady bilýändir, hikmet eýesidir. Düşündiriş: Olar Ýusuba gowuşdurany üçin Alla şükür seždesini edipdirler we Ýusubyň öňünde hormat bilen baş egipdirler. Olaryň dininde adama ybadat maksady bilen däl-de, hormat üçin sežde etmäge rugsat berlipdir. Yslam dininde bolsa, isle hormat üçin, isle ybadat üçin, Alladan özgäniň öňünde sežde etmek gadagandyr.
 101. Eý, Perwerdigärim! Takyk, maňa mülkden (paý) berdiň, maňa hadysalaryň (düýşleriň) ýorgudyny öwretdiň! (Eý), asmanlaryň we ýeriň Ýaradyjysy! Dünýäde we ahyretde meniň eýäm Sensiň! Janymy musulman halda algyn hem-de meni salyhlara (ýagşylaryň hataryna) goşgun!».
 102. (Eý, Muhammet!) Ine, bu gaýyp habarlardandyr. Ony saňa Biz wahyý edýäris. Olar işlerinde belli karara gelip, duzak gurýarkalar (Ýusuby guýa taşlamagy maksat edinenlerinde), sen olaryň ýanynda däldiň.
 103. Sen hernäçe isleseň-de adamlaryň köpüsi iman getirmezler.
 104. Sen muňa (Kurandan okaýan öwüt-nesihatyňa derek) olardan hak soramaýarsyň. Ol (Kuran) älemler üçin öwüt-ündewden başga (zat) däldir.
 105. Asmanlarda we ýerde (Allanyň barlygyny) görkezýän ençe aýatlar (alamatlar) bardyr. (Ynsanlar) olaryň ýanyndan ýüz öwrüp, (gapyllykda) geçerler.
 106. Olaryň köpüsi iman getirmezler, diňe Alla şärik goşan halda iman getirerler. (Allanyň Ýaradyjy, Rysgal beriji we özlerini Goraýjydygyny ykrar etseler-de, ybadatlarynda Ondan gaýryny şärik goşarlar).
 107. Olar Allanyň gurşap alyjy azabynyň geljeginden ýa-da duýman durkalar birdenkä kyýamatyň geljeginden (howatyrlanman) arkaýyn (hatyrjemmikäler)?
 108. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ine, meniň ýolum budur. Men we maňa eýerýänler, biz aýdyň (kesgitli deliller, Allanyň inderen ylmy, hikmeti hem parasatlylygy) bilen Alla (Allanyň ýoluna) çagyrýarys. Alla ähli kemçiliklerden päkdir. Men Alla şärik goşanlardan däldirin».
109. (Eý, Muhammet! Biz) senden öň hem şäher (oba) ilatyndan bolan adamlara wahyý iberdik. Olar ýer ýüzünde aýlananlarynda, özlerinden öňki kişileriň soňunyň nähili bolanyny görmeýärlermikä? Elbetde, (Alladan) gorkýan kişiler üçin ahyret ýurdy haýyrlydyr. Akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?
 110. Pygamberler (Allanyň adamlary dogry ýola saljagyndan) umytlaryny üzüp, özleriniň ýalan hasaplanjakdyklaryny bilenlerinde, olara Biziň kömegimiz gelip ýetdi. Biz islän kişimizi halas ederis. (Ýöne) günäkär kowumdan Biziň azabymyz hergiz yzyna gaýtarylmaz.
 111. Takyk, olaryň (pygamberleriň) kyssalarynda akyl eýeleri üçin ybrat bardyr. (Bu Kuran) toslanan bir söz däldir. Tersine, özünden öňküleri (Töwraty, Zebury, Injili) tassyklaýjy, ähli zady düşündiriji, iman getiren kowum üçin dogry ýoly görkeziji we rahmet bolan (kitapdyr).