1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 8. Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar boluň! Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin. Adalatly boluň, ol takwalyga (gelişýän) iň ýakyn (häsiýetdir). Alladan gorkuň! Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 96-njy süre: «Alak» («Gan lagtasy»)

«Alak» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 19 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ilkinji bäş aýaty Kurany Kerimiň ilkinji inen aýatlarydyr. Süräniň ady hem ikinji aýatda agzalýan we «Gan lagtasy» manysyndaky «Alak» sözünden alnandyr. Bu sürede pygamberimiz Muhammet aleýhissalama wahynyň gelip başlamagy, okamagyň, ýazmagyň we ylmyň ähmiýeti barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Eý, Muhammet!) Ýaradan Perwerdigäriň ady bilen oka!
 2. (Ol) ynsany gan lagtasyndan ýaratdy.
 3, 4. (Eý, Muhammet!) Oka! Seniň pazly-keremi çäksiz bolan Perwerdigäriň (ynsana) galam bilen ýazmagy öwretdi.
 5. (Ol) ynsana bilmeýän zadyny öwretdi.
 6, 7. Dogrusy, ynsan özüni hiç zada mätäç däldir öýdüp azar.
 8. Takyk, gaýdyş diňe Perwerdigäriňe bolar.
 9, 10. Namaz okaýan ol bendä (pygambere) päsgel bolýany gördüňmi?
 11, 12. Aýt hany, ol (pygamber) dogry ýolda bolsa ýa-da takwalygy ündeýän bolsa (şonda-da siz oňa garşy çykmakçymy)?
 13. Hany, aýdyň, (ol päsgel berýän kişi pygamberi) inkär edip, (dogry ýoldan) ýüz öwürse (özi üçin gowy bolarmy)?
14. (Ol) Allanyň (ähli zady) görýändigini bilmeýärmi eýsem?
 15. Ýok! Eger ol bu pälinden dänmese, Biz ony maňlaý saçyndan tutup (dowzaha süýräris)!
16. (Hawa), ol ýalançy we günäkäri maňlaý saçyndan tutup (süýräris).
 17. Ol (öz islän toparyny) kömege çagyrsyn!
 18. Biz hem zebanylary (azap perişdelerini) çagyrarys.
 19. Ýok! Oňa boýun egme! (Perwerdigäriňe) sežde et hem-de oňa (çyn iman we arassa kalply tagat-ybadat arkaly) ýakynlaş!