1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 87. Eý, iman getirenler! Allanyň siziň üçin halal eden päk zatlaryny (terkidünýälik maksady bilen) özüňize haram etmäň we hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşýanlary halamaz.

Başy » Sözbaşy » 74-nji süre: «Muddessir» («Dona bürenen»)

«Muddessir» süresi pygamberligiň ilki başlarynda Mekgede inen sürelerden bolup, ol 56 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda agzalýan we «Dona bürenen» manysyndaky «Muddessir» sözünden alandyr. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalama ýüzlenilip başlaýan bu sürede pygamberligiň ýaýradylyşy, hak dine garşy çykan kapyrlaryň erbet häsiýetleri we olaryň ahyretde çekjek azaplary barada gürrüň gozgalýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eý, dona bürenen (pygamber)!
 2. Ýeriňden tur we (halka) duýdur (ýetir)!
 3. Perwerdigäriň beýikligini taryp et!
 4. Lybasyňy (ähli hapalardan) päkize tut!
 5. (Maddy we ruhy) hapalyklardan gaça dur!
 6. (Eden ýagşylygyň) köpdür öýdüp, minnet etme!
 7. Öz Perwerdigäriň üçin (Onuň razylygy ugrunda) sabyr et!
 8, 9. (Kyýamat boljagyny habar berýän) sura üfleniljek ol gün, nähili agyr (gündür)!
 10. (Ol) kapyrlara aňsat bolmadyk (örän ýowuz) gündür!
 11. Ýekebaşyna ýaradanymy (ol kapyry) Maňa goý!
 12, 13. Men oňa (kapyra) köp mal-mülk, daş- töwereginde aýlanýan ogullar beripdim.
 14. Oňa dürli nygmatlar (mümkinçilkler) beripdim.
15. Ol (açgözlük bilen heniz hem özüne eçilen nygmatlarymy) has-da artdyrmagymy tama edýär.
 16. Ýok! Ol (muňa hiç) höwes etmesin! Sebäbi ol Biziň aýatlarymyza garşy kejirlik etdi.
 17. Men hem ony örän kyn ýola (azaba) duçar ederin.
 18. Ol pikirlendi we ölçerdi.
 19. Onuň jany çyksyn! Ol nähili erbet ölçerdi.
 20. Onuň ýene jany çyksyn! Soň ýene-de nähili erbet ölçerdi?!
 21. Soň seretdi (nazar saldy).
 22. Soň ýüzüni, gaşlaryny çytdy.
 23. Soň hem yzyna öwrülip, tekepbirliginden ýaňa (çykyp gitdi).
 24. Ol (gidip barýarka): «Bu (Kuran) diňe öňden bäri gelýän bir jadydyr.
 25. Bu ynsan sözünden başga zat däldir» diýdi. Düşündiriş: Rowaýata görä, Welid ibn Mugyra atly bir adam, pygamber Kuran okaýarka, ony diňläp, örän täsirlenýär. Muny eşiden mekgeli kapyrlar, onuň öz dinlerinden dänip, musulmançylgy kabul etmeginden gorkýarlar. Mekgeli kapyrlaryň baştutanlaryndan bolan Ebu Jähl hem Welidiň ýanyna baryp, onuň tekepbirligini has-da artdyrjak sözleri aýdyp, onuň musulmançylyga geçmeginiň öňüni alyp, ony bu pikirinden dändirýär. Soň kapyrlaryň ýanlaryna gelenlerinde, Welit olara indiden beýläk Muhammede telbe, däli, bilgiç, şahyr, ýalançy ýaly sözler bilen ýüzlenmegiň peýdasynyň ýokdugyny aýdýar. Soň hem uzak wagtlap, mazalyja pikirlenip, ölçerip, ahyry hem kapyrlara ýüzlenip: «Muhammet jadygöýdir. Görmeýärsiňizmi, ol perzendi ene-atasyndan, maşgalasyndan, gullary hojaýynlaryndan aýryp bilýär. Bu bir jadylykdyr» diýýär. Kapyrlar hem bu wakadan soň pygamberimiz Muhammede «jadygöý» diýip başlaýarlar. Bu ýagdaý pygamberimize örän ýokuş degýär.
 26. Men hem ony sakar (dowzaha) ataryn.
 27. Sen sakar (dowzahyň nämedigini) bilýärmiň?
 28. Ol ne (diri) goýar, ne-de öldürip taşlar. (Ol içine oklananyň (bedenini şol durşuna) iýip tükeder. Soň ony ýene öňki ýagdaýyna getirip, bu işi ýene gaýtalar durar).
 29. Ol (ynsanyň) derisini ýakyp (gowrar).
 30. Onuň (agzynda) on dokuz sany (sakçy perişde) bardyr.
 31. Biz oduň (dowzahyň) sakçylaryny diňe perişdelerden ýaratdyk. Özlerine kitap berlenler mazaly bilsinler, iman getirenleriň hem imanlary artsyn, özlerine kitap berlenler we möminler şek-şübhä düşmesinler diýip olaryň sanyny hem inkär edenler üçin diňe bir synag etdik. Şeýle-de kalplarynda hassalyk bolan mynapyklar bilen kapyrlar hem (ahyr netijede): «Alla bu mysal bilen näme diýmekçi bolýar?» diýsinler. Şeýdip, Alla islänini dogry ýoldan azdyrar, islänini dogry ýola salar. Perwerdigäriň goşunlaryny Özünden başga hiç kim bilmez. Bu (aýdylanlar) ynsana bir öwüt-ündewden başga zat däldir.
 32, 33, 34. Ýok! (Kapyrlar hiç haçan öwüt almazlar! Şonuň üçin asmandaky) Aýa, yzyna öwrülip gidýän gijä, agaran mahaly sähere kasam bolsun!
 35. Ol (sakar dowzah) uly belalaryň biridir
. 36, 37. Ol ynsan üçin we (Alla boýun bolup, tagat-ybadat edip) öňe we (günä işlere baş goşup) yza gitmek isleýänler üçin iň uly duýduryşdyr.
 38. Her kim öz eden işiniň girewi (ýesiridir).
39. Meger (amal depderleri) sagdan berlenler (beýle däldirler).
 40, 41. (Olar hökman) jennetde bolarlar. Olar günäkärleriň (ýagdaýlaryny) sorarlar.
 42. (Olar günäkärlere): «Sizi bu dowzaha getiren zat näme?» (diýerler).
43. Olar: «Biz namazy berjaý etmezdik.
 44. Garyplara tagam bermezdik (hallaryndan habar almazdyk).
 45. Günä işlere çümýänler bilen bile çümerdik.
 46. (Bu) hasap gününi hem ýalan hasaplardyk.
 47. Ahyry, biziň başymyza ölüm geldi» (diýerler).
 48. Indi olara şepagatçylaryň (etjek) şepagaty hem peýda etmez.
 49. Bes, olara näme bolýar? Olar bu öwütden näme üçin ýüz öwürýärler.
 50, 51. Bu öwütden (Kurandan) ýolbarsdan ürken ýabany eşek ýaly ürküp (gaçýarlar).
 52. Olaryň her haýsy özüne (Alladan) açylan sahypalar (ylahy perman) isleýärler.
 53. Ýok! Aslynda, olar ahyretden gorkmaýarlar.
 54. Ýok! Takyk, bu (Kuran) bir öwütdir (duýduryşdyr.)
 55. (Indi hakykat geleninden soň) islän ondan öwüt alsyn!
56. (Emma) Alla islemese (mynasyp görmese), olar öwüt alyp bilmezler. Gorkulmaga, (heder edilmäge) laýyk bolan hem Oldur, ýalkaw eýesi hem Oldur!