1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

33.69. Eý, iman getirenler! Siz Musa ezýet edenler ýaly bolmaň! Alla ony olaryň atýan şyltaklaryndan päkledi. Ol Allanyň nazarynda örän abraýly (pygamberdir).

Başy » Sözbaşy » 77-nji süre: «Murselat» («Iberilenler»)

«Murselat» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 50 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny «Iberilenler» manysyndaky ilkinji aýatda agzalýan «Murselat» sözünden alandyr. Sürede älemdäki möhüm işlere, olaryň berjaý edilmegi tabşyrylan perişdelere üns çekilýär. Allanyň gudratyna delil getirilýär. Möminleriň barjak jenneti, ol ýerdäki näzi- nygmatlar we hak dini inkär eden kapyrlaryň barjak dowzahy, ol ýerdäki görjek pajygaly azaplary barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. (Ýagşylykda) biri-birleriniň yzyndan iberilenlere!
 2. Güýçli öwsüp, (zyýan berýän) ýellere!
 3. (Hak we hakykat) tohumlaryny hemme ýere ýaýan (perişdelere)!
 4. Hak bilen batyly (dogry bilen egrini) aýyl-saýyl edenlere!
 5, 6. (Alla ýönelenleri) günälerden saplamak we (erbet ýolda bolanlara) duýduryş bermek üçin öwüt (wahyý) goýup gidenlere kasam bolsun!
 7. Takyk, size wada berlen (zat) hökman amala aşar!
 8. Ýyldyzlaryň (yşygynyň) sönen wagty!
 9. Asman ýarylan wagty!
 10. Daglar bölünip, dargan wagty!
 11. Pygamberleriň (ymmatlaryna şaýatlyklary) kesgitlenen wagty (kyýamat gopar).
 12. Bu (alamatlar) haýsy güne goýuldylar? 13. (Bular) «Aýralyk gününe» (goýuldy).
 14. Sen «Aýralyk gününiň» nämedigini nädip biljek?
15. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 16. Biz ol (pygamberleri inkär edenlerden) öňküleri heläk etmedikmi?
17. Soň gelenleri hem olaryň yzyna tirkäris.
 18. Ine, Biz günäkär kapyrlara garşy şeýle hereket edýäris.
 19. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
20. Biz sizi ýönekeý bir suwdan ýaratmadykmy?
 21, 22. (Soň hem) ony bir lagta gana öwrüp, belli bir möhlete çenli (mäkäm) bir ýere ýerleşdirdik.
 23. Biz muňa güýç ýetirdik. Biziň güýjümiz nähili beýikdir!
 24. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 25, 26. Biz ýer ýüzüni diriler we ölüler üçin mesgen etmedikmi?
 27. Ol ýerde mäkäm, beýik daglar ýaradyp, size süýji suw bermedikmi?
 28. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 29. (Inkär edenlere ol günde: «Hany, durmaň), ýalan hasaplan ol (azabyňyza, dowzaha) gidiň!
 30. Siz üç topara bölünen kölegä (dowzah odunyň tüssesine) gidiň!
 31. (Emma) ol size saýa hem salmaz, sizi otdan goramaz.
 32. Ol göýä köşk ýaly äpet uçgunlar saçar.
 33. Ol (uçgunlaryň her haýsy) göýä sap- sary düýe kimindir.
 34. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 35. Bu gün (kapyrlar) gepläp bilmezler, (dilleri tutular).
 36. Olara ötünç sorar ýaly geplemäge rugsat berilmez.
 37. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 38. Bu «Aýralyk günüdir». Biz sizi hem, öň gelip geçenleri hem bir ýere jemledik.
39. (Hany, halas bolmak üçin) hiläňiz bar bolsa, (durmaň) dessine hile et!
 40. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 41. (Alla garşy çykmakdan gorkan) takwalar bolsa (ol gün) kölegeliklerde we çeşmeleriň başlarynda bolarlar!
42. Olar (göwün) islän dürli görnüşli miweleriň içindedirler.
 43. (Olara: «Dünýäde) eden işleriňiziň sylagy hökmünde işdä bilen iýiň, içiň!
 44. Takyk, Biz ýagşylara şeýle sylag berýäris» (diýler).
45. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň, waý hallaryna!
 46. (Eý, kapyrlar! Bu dünýäde) iýiň, sähelçe lezzet alyň! Takyk, siz günäkärsiňiz.
47. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 48. Olar özlerine: «(Hany), Alla rukug (tagzym) ediň!» diýlende, başlaryny egmezler.
 49. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 50. Bes, mundan soň (eger) olar (bu Kurana ynanmasalar, onda) haýsy söze ynanarkalar!