1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 56-njy süre: «Wakyga» («Uly hadysa»)

«Wakyga» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 96 aýatdan ybaratdyr. Manysy «Uly hadysa» diýmekdir. Bu söz ilkinji aýatda aýdylýar. Bu sürede kyýamatyň öň ýanynda bolup geçjek hadysalar, ynsanlaryň ahyretdäki ýagdaýlary, Allanyň birliginiň we barlygynyň delilleri hem- de Kuranyň käbir wasplary beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. «Uly hadysa» (kyýamat) bolanda!
 2. Onuň amala aşjakdygyny ýalan hasaplap biljek (hiç kim) ýokdur. 3. Ol (kapyrlary) peselder, (möminleri) beýgelder.
 4, 5, 6, 7. Ýer güýçli sarsan wagty! Daglar dargap, bölek-bölek bolup, (howada) gaýmalaşan çaň-tozana öwrülen wagty, siz üç topar bolarsyňyz.
 8. (Birinjisi), sagdakylar. Ol sagdakylar (nähili) bagtlydyr.
 9. (Ikinjisi), çepdäkiler. Ol çepdäkiler (nähili) betbagtdyr.
 10. (Üçünjisi), olar (imanda we haýyrda) öňde bolanlardyr (ýaryşanlardyr).
 11. Olar (Alla) ýakyn bolanlardyr.
 12. (Olar) «Nagym» jennetlerindedirler.
13. Olaryň (köp) bölegi owalky (ymmatlardandyr).
 14. (Olaryň) az bölegi (käbirleri) hem soňky (ymmatlardandyr).
 15, 16. (Olar) göwher bilen bezelen tagtlarda garşylykly ýassanyp oturarlar.
 17, 18. Olaryň (daşynda) «Magyn» (çeşmesinden) doldurylan (meý- şerbetden doly) badalar, kündükler we käseler bilen ebedilige ýeten ýaş (hyzmatkär) oglanlar aýlanarlar.
 19. Olaryň ondan (meý-şerbetden) kelleleri agyrmaz, serhoş (hem) bolmazlar.
 20, 21, 22, 23, 24. Olara, (dünýäde) eden (haýyrly) işleriniň sylagy hökmünde, öz göwün islän miweleri, işdäleriniň çeken guşlarynyň etleri, gizlin dürler (sadaplar) ýaly iri gözli hüýrler bardyr.
 25. Olar ol ýerde (jennetde) ne boş, ne-de günä (işe iterjek) söz eşiderler.
 26. Olara diňe «Salam, salam!» diýler.
 27. Sagdakylar! Ol sagdakylar (nähili) bagtlydyr!
 28, 29, 30, 31, 32, 33. (Olar) şaha basyp giden (tikensiz) üljeleriň, gür (salkymly) bananlaryň, ýaýraň kölegeleriň, şybyrdap akýan suwlaryň, gutarmaýan hem-de gadagan edilmeýän dürli-dümen miweleriň (içindedirler).
 34. Olar galňadylan düşekleriň üstünde bolarlar.
 35. Biz (hüýrleri) täze bir ýaradylyş bilen (ýaradyp, keşplerini has-da owadan edip) ýaratdyk.
 36, 37, 38. Biz olary sagdakylar üçin aşyk bolan halda, olar bilen deň ýaşda, boý gyzlar edip ýaratdyk.
 39. Olaryň bir topary owalky (ymmatlardandyr).
 40. Bir topary hem soňky (ymmatlardandyr).
 41. Çepdäkiler! Ol çepdäkiler (nähili) betbagtdyr!
 42. Olar ýiliklere çenli (baryp ýetýän) gyzgyn otda we suwda (gaýnarlar).
 43, 44. Olar salkynlyk we peýda bermeýän gap-gara dumanyň kölegesinde bolarlar.
 45. Takyk, olar mundan öň (dünýädekäler) keýpi-sapa içinde (azypdylar).
 46. Olar iň uly günäni etmekde (Alla şärik goşmakda) erjellik görkezýärdiler.
 47, 48. Olar: «(Heý), biz ölüp, toprak we (çüýrän) süňk bolanymyzdan soň, (täzeden) direlerismi? Öňki ata-babalarymyz hem (direlermi)?» diýerdiler.
 49, 50. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Öňküler hem, soňkular hem belli bir günüň belli bir wagtynda (magşar meýdanynda) hökman jemlenerler» diýip aýt.
 51. Soň, siz, eý, (hak ýoldan) azaşanlar (we haky) ýalan hasaplanlar!
 52. Zakgun agajynyň (miwesinden) iýersiňiz.
 53. Garynlaryňyzy onuň bilen doldurasyňyz.
 54. Üstünden hem gaýnag suw içersiňiz.
55. (Göýä), suwsan düýeleriň (suwa topulyp içişi) ýaly (topulyp) içersiňiz.
 56. (Ine), bu din (hasap) gününde olara (beriljek) ýol azygydyr.
 57. Sizi Biz ýaratdyk. Bes, siz (bu hakykaty) tassyk etjek dälmisiňiz?
 58. (Hany, aýdyň), sizden dökülýän zady (erkeklik suwuny) görmediňizmi? (Ol barada oýlanmadyňyzmy?).
 59. Ony (ynsan görnüşinde) siz ýaratdyňyzmy ýa-da Biz ýaratdyk?
 60. Siziň araňyzda ölümi Biz takdyr (ýazgyt) etdik. Biziň öňümize hiç kim geçip bilmez.
 61. Biziň sizi (ýok edip), şekilleriňizi üýtgedip, siziň bilmedik (görnüşiňizde) ýaratmaga güýjümiz ýetýändir.
62. Siz ilkinji ýaradylyşy (gowy) bilýänsiňiz. Bes, siz (kyýamatda direljekdigiňiz barada) pikir etjek dälmi?
 63. Siz eken zadyňyzy (tohumyňyzy) görmeýärsiňizmi?
 64. Ony siz gögerdýärsiňizmi ýa-da Biz gögerdýäris?
 65. Eger islesedik, Biz ony gury çöpe öwrerdik. Siz hem haýran galyp, aňalyp galardyňyz?
 66, 67. (Siz): «Takyk, biz bergä batdyk (zähmetimiz biderek boldy.) Ýok, biz (rysgaldan) mahrum edildik» diýerdiňiz.
68. Siz öz içýän suwuňyzy görmeýärsiňizmi?
 69. Ony bulutdan siz inderdiňizmi ýa-da Biz inderdik?
 70. Biz eger islesedik, ony duzly (ajy) edip bilerdik. Bes, siz şükür etmeli dälmi eýsem?
 71. Siz öz ýakýan oduňyzy görmeýärsiňizmi?
 72. Onuň agajyny siz ýaratdyňyzmy ýa- da Biz ýaratdyk?
 73. Biz ony (dowzah oduny ýada salmak üçin) öwüt we ýolagçylar (ýa-da mätäçler) üçin bir peýda edip goýduk.
 74. Sen Beýik Perwerdigäriň adyny tesbih et!
 75. Ýyldyzlaryň (asmandaky) ýerlerine kasam bolsun!
 76. Eger bilseňiz (akyl ýetirer bolsaňyz), bu uly kasamdyr.
 77, 78. Takyk, bu gizlin (saklanylýan) bir kitapda (Lowhy-mahfuzda) bolan keramatly Kurandyr.
 79. Oňa meger tämiz bolanlar (el) degrip bilerler.
 80. Ol älemleriň Perwerdigäri tarapyndan inderilendir.
81. Siz indi bu söze äsgermezçilik edýärsiňizmi (ony ýalan hasaplaýarsyňyzmy)?
 82. (Allanyň) size beren (bu) rysgalyna (şükür etmegi) Ony ýalan hasaplap (berjaý) edýärsiňizmi?
 83, 84. Bes, siziň janyňyz bogazyňyza ýeten wagty, seredip (aňalyp) galarsyňyz.
85. Biz bolsa oňa (ajalyňyza) sizden has ýakyndyrys! Emma siz (hakykaty) görüp bilmersiňiz!
 86, 87. Eger siziň (ahyretde berjek) hasabyňyz ýok bolsa we siz dogruçyl bolsaňyz, ony (çykan ol ruhy-jany) yzyna öwrüň-dä?
 88, 89. Eger (jan beren kişi Alla) ýakyn imanlylardan) bolsa, onuň üçin rahatlyk, gözel rysgal we «Nagym» jennetleri bardyr.
 90, 91. Eger ol sagdakylardan bolsa, (oňa): «Saňa sagdakylardan salam bolsun!» (diýler).
 92, 93. Emma eger azaşan we hak dini ýalan hasaplanlardan bolsa, onda oňa gaýnag suwdan hödür ediler.
94. (Soň hem) ol dowzaha zyňlar.
 95. Takyk, bu anyk hakykatyň özüdir.
 96. Bes, sen Beýik Perwerdigäriň adyny tesbih et!