1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly minnet we ynjytmak bilen eden haýyr-sahawatlaryňyzy puja çykarmaň! Onuň mysaly üstünde sähelçe toprak bolan ýylçyr daşyň mysaly ýalydyr. Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak daşa öwrer. Olar gazanan hiç zatlaryna eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola salmaz.

Başy » Sözbaşy » 91-nji süre: «Şems» («Gün»)

«Şems» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 15 aýatdan ybaratdyr. Adyny ilkinji aýatda agzalýan «Gün» sözünden alandyr. Bu sürede ynsanyň haýra we şere ukyply ýaradylandygy aýdylyp, ynsanlaryň ygtyýarlaryny haýra ulanmagy ündelýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Güne we onuň (ýagty) şöhlesine!
2. Onuň yzyndan gelen wagty Aýa!
 3. Güni äşgär edýän (dünýäni ýagtyldýan) gündize!
4. Ony (Güni tümlügi bilen) gaplap alan gijä!
5. Asmana we ony bina edene!
6. Ýere we ony ýazyp düşäne!
 7. Jana we oňa şekil berene!
8. Oňa erbetligi hem-de ondan saklanmagyň ýoluny salgy berene kasam bolsun!
9. Öz janyny (maddy hem ruhy hapalardan) päklän kişi halas bolar!
10. Ony (janyny) günäler bilen örten zyýana sezewar bolar.
 11. Azgynlyklary zerarly semud kowumy (pygamberleriň habar beren hakykatlaryny) ýalan hasaplap, inkär etdiler.
12. Olaryň iň erbedi (düýäni soýmak üçin) öňe çykanda bu inkärleri has hem artdy.
13. Allanyň ilçisi (Salyh) olara: «Allanyň düýesini (soýmakdan) we ony suwa ýakmaga (suw nobatyna garşy bolmakdan saklanyň)!» diýdi.
14. Emma olar ony (pygamberi) inkär edip, düýäni soýdular. Olaryň Perwerdigäri günäleri sebäpli, üstlerine azap inderdi we (olary we ol ýeri) ýer bilen ýegsan etdi.
 15. (Allanyň öz beren azabynyň) netijesinden gorkusy ýokdur!