1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

40. 7. Arşy göterýän we onuň töwereginde (gezýän perişdeler) özleriniň Perwerdigärine hamdy-senalar aýdyp, Ony tesbih edýärler we Oňa iman getirýärler. (Perişdeler) möminleriň günäleriniň bagyşlanmagyny diläp: «Eý, Perwerdigärimiz! Seniň rahmetiň we ylmyň ähli zady gurşap alýar. Beýle bolsa toba edip, Seniň görkezen ýoluňy tutýanlaryň günäsini geç hem-de olary dowzah azabyndan gora! . Sen (ol gün) perişdeleriň Arşyň töweregini gurşap alyp, özleriniň Perwerdigärini hamdy-senalar bilen ýatlaýandyklaryny görersiň. Barça ynsanlaryň arasynda hakykat bilen höküm edildi hem-de «Ähli öwgüler älemleriň Perwerdigäri Allanyňkydyr» diýildi.

Başy » Sözbaşy » 15-nji süre: Hyjr

«Hyjr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 99 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 80-84-nji aýatlarynda hyjr halky barada habar berlendigi üçin bu sürä «Hyjr» diýip at berlipdir. Sürede esasan hem, pygamberlerden Adam, Lut, Şugaýyp we Salyh aleýhissalam dagynyň kyssalary beýan edilýär. Şeýle hem bu sürede möminlere ahyretde bagtly ýaşaýşyň garaşýandygy, kapyrlaryň bolsa ezýet çekjekdikleri barada habar berilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Ra. Bular (ylahy) kitabyň we äşgär Kuranyň aýatlarydyr.
 2. Wagty gelende, inkär eden kişiler: «Käşgä, musulman bolsadyk» diýip arzuw ederler.
 3. Goý, olara degme, iýsinler, (dünýäniň eşretinden) peýdalansynlar, olary arzuw-hyýallary gümra etsin. (Olar bu etmişleriniň görgüsini), ine, tiz bilerler.
 4. Biz hiç bir ýurdy (milleti) heläk etmedik. Diňe onuň üçin mälim ýazgy (bellenilip goýlan wagt gelenden soň heläk etdik).
 5. Hiç bir ymmat ajalyny öňe süýşürip hem bilmez, gijikdirip hem bilmez.
 6. (Kapyrlar Muhammede): «Eý, özüne Zikir (Kuran) inderilen kişi. Takyk, sen mejnunsyň.
 7. Eger dogruçyllardan bolsaň, bize perişdeleri getir-dä?» diýdiler.
 8. Biz perişdeleri diňe hak (we hikmet) bilen inderýäris. Şonda olara möhlet berilmez (heläk edilerler).
 9. Takyk, Zikiri (Kurany) Biz inderdik we onuň goragçylary-da, elbetde, Bizdiris!
 10. (Eý, Muhammet!) Kasam bolsun! Biz senden owalky toparlara hem (pygamberler) iberdik.
 11. Olara her bir pygamber gelende (iberilende), dessine ony masgaralaýardylar.
 12. Ine, şeýdip, ony (pygamberi ýaňsylap günäkär bolmagy) günäkärleriň kalbyna guýarys.
13. Owalkylaryň ýörelgesi (ters bolup, heläkçilik bilen) geçen hem bolsa, (muny bilseler-de, mekgeli kapyrlar) oňa (Kurana) ynanmaýarlar.
 14, 15. Eger Biz olara asmandan bir gapy açsak, olar hem ol ýere çyksalar (we gudratymyzy görseler, şonda-da olar) hökman: «Gözlerimiz baglandy, belki- de, biz jadylandyk» diýerler.
 16. Kasam bolsun! Biz asmanda burçlar (ýyldyzlar toparyny) döretdik we ony (asmany) nazar eýleýänler üçin (ýyldyzlar bilen) bezedik.
 17. Biz olary daşlanan (Allanyň rahmetinden kowlan) her bir şeýtandan goradyk.
18. Emma (şeýtanlardan-jynlardan) biri (asmandaky habarlara) ogrynça gulak gabartsa, şolbada ony parlak alaw yzarlar (we heläk eder).
 19. Biz ýeri hem (giňden) ýaýdyk, onda sarsmaz daglary ornaşdyrdyk we ol ýerde ölçegli her dürli zatlary (ösümlikleri) ösdürip ýetişdirdik.
 20. Ol ýerde siziň üçin we rysgalyny berip bilmeýän kişiňiz üçin ýaşaýyş (mümkinçiligini) döretdik.
 21. Hazynalary Biziň ýanymyzda bolmaýan hiç bir zat ýokdur. Biz ony diňe mälim mukdarda inderýäris.
 22. Biz ýelleri tohumlandyrýan edip iberdik. Asmandan suw inderdik. Sizi onuň bilen suwardyk. Siz ony (suwy) bir ýere üýşüriji dälsiňiz.
 23. Takyk, direldýänem, öldürýänem Bizdiris! (Hakyky) mirasçylar hem Bizdiris! (Ýagny ähli zadyň eýesi hem- de ebedi galjak Bizdiris).
 24. Kasam bolsun! Biz sizden öňki öten-geçenleri hem bilýändiris, soňky geljekleri hem bilýändiris.
 25. Takyk, seniň Perwerdigäriň Oldur (Alladyr. Kyýamat güni) olary jemlär. Takyk, Ol hikmet eýesidir, ähli zady bilýändir.
26. Kasam bolsun! Biz ynsany guran palçykdan, durup garalan, şekil berlen palçykdan ýaratdyk.
 27. Jyny bolsa (ynsandan has) öň (bedeniň öýjüklerinden syzyp) geçýän gowrujy otdan ýaratdyk.
 28, 29. Bir wagt Perwerdigäriň perişdelere: «Men guran, durup garalan, şekil berlen palçykdan adam ýaratjak. Oňa şekil-surat berip, (bedenine) ruhumdan üflänimde, şolbada onuň üçin sežde ediň!» diýdi.
 30. Şolbada, perişdeleriň ählisi jem bolup, sežde etdiler.
 31. Diňe Iblis (sežde etmedi. Ol) sežde edenler bilen bolmagy kabul etmedi.
 32. (Şonda Alla): «Eý, Iblis, näme üçin sen sežde edenler bilen bile bolmaýarsyň?» diýdi.
 33. (Iblis): «Men guran, durup garalan, şekil berlen palçykdan ýaradan ynsanyňa sežde etmerin» diýdi.
 34. (Alla): «Ol ýerden (jennetden we perişdeleriň arasyndan) çyk! Takyk, sen kowuldyň.
 35. Takyk, tä jeza (kyýamat) gününe çenli saňa nälet bolar» diýdi.
 36. (Iblis): «Eý, Perwerdigärim, onda maňa (ynsanlaryň) direldiljek gününe çenli möhlet ber!» diýdi.
 37, 38. (Alla): «Sen mälim (kyýamat) gününe çenli möhlet berlenlerdensiň» diýdi.
 39. (Iblis): «Perwerdigärim, meni azdyranyň sebäpli, elbetde, olara ýerdäki (günä işleri) gözel edip görkezerin hem-de hökman olaryň ählisini azdyraryn.
 40. Diňe olardan yhlasly bendeleriňi (azdyryp bilmerin)» diýdi.
 41. (Alla): «Ine, Maňa (gelýän) dogry ýol şudur.
 42. Takyk, saňa Meniň yhlasly bendelerimiň üstünden hökmürowanlyk etmek ýokdur. Diňe azgynlardan saňa tabyn bolan kişilere (hökmürowanlyk edip azdyryp bilersiň).
 43. Takyk, dowzah olaryň (azaşanlaryň) ählisine wada berlen ýerdir.
 44. Onuň (dowzahyň) ýedi gapysy bardyr. Her gapy üçin olardan (günälerine görä) bölünen bir topar bardyr» diýdi.
 45. Takyk, takwalar jennetlerde, çeşme başlarynda bolarlar.
 46. (Takwalara) «Oňa salamatlyk bilen aman-esen halda giriň!» (diýler).
 47. Biz (jennetde) olaryň köňüllerindäki kinäni sogrup çykardyk. (Olar) dogan- gardaş bolup, tagtlaryň üstünde ýüzbe-ýüz (oturarlar).
 48. Olara ol ýerde (jennetde hiç-hili) argynlyk ilteşmez hem-de olar ol ýerden çykarylmazlar.
 49. (Eý, Muhammet!) Sen bendelerime habar ber, takyk Men Bagyşlaýjydyryn, Rehim-şepagatlydyryn.
 50. Azabym bolsa örän yza beriji azapdyr.
 51. Olara Ybraýymyň myhmanyndan (perişdelerden) habar ber!
 52. Olar Ybraýymyň huzuryna girenlerinde, «Salam!» (Alla salamatlyk bersin!) diýdiler. (Ybraýym olara): «Dogrusy, biz sizden gorkýarys» diýdi.
 53. (Olar): «Gorkma! Biz saňa (Allanyň) ylymly bir ogul (berjegini) buşlaýarys» diýdiler.
 54. (Ybraýym): «Maňa garrylyk ýetişenden soň (perzent görjegimi) buşlaýarsyňyzmy? Siz nämäni buşlaýarsyňyz?» diýdi.
 55. (Perişdeler): «Biz saňa hakykaty buşladyk. Sen näumytlardan bolma» diýdiler.
56. (Ybraýym): «Perwerdigäriniň rahmetinden (daş düşüp) azaşanlardan başga kim näumyt bolup biler?» diýdi.
57. (Ybraýym): «Eý, ilçiler! (Başga) näme işiňiz bar?» diýdi.
 58. (Perişdeler): «Takyk, biz günäkär kowumy (heläk etmek üçin) iberildik.
 59. Diňe Lutuň maşgalasy (günäkär däldir). Takyk, biz olaryň ählisini halas ederis.
 60. (Lutuň maşgalasyndan) diňe onuň aýaly (halas bolmaz. Çünki) biz (Allanyň emri bilen) onuň (azapda) galyjylardan bolmagyny takdyr etdik» diýdiler.
 61, 62. Ilçiler Lutuň maşgalasynyň (ýanyna) gelenlerinde, (Lut olara): «Takyk, siz nätanyş bir kowum» diýdi.
63. (Perişdeler): «Ýok, (biz Allanyň perişdeleri). Saňa (kowumyň) şek- şübhe edýän zadyny (Allanyň azabyny) getirdik.
64. Biz saňa hakykaty getirdik. Takyk, biz dogruçyl (kişilerdiris).
65. (Eý, Lut! Sen) gijäniň bir böleginde maşgalaňy ýola çykar. (Özüň) olaryň yzyna düş. Sizden hiç birisi (yzyna) garamasyn! Emir edilen ýere gidiň!» diýdiler.
 66. Biz oňa (Luta): «Takyk, daňdan olaryň yzy (tohum-tiji) kesiler» diýip aýtdyk.
 67. (Lutuň öýünde görmegeý ýigitleriň bardygyny eşidip) şäher ilaty begenişip geldiler.
 68. (Lut): «Bular meniň myhmanym. Meni ryswa etmäň!
 69. Alladan gorkuň! Maňa gam çekdirmäň!» diýdi.
 70. (Olar): «Biz seni älemilerden (älemdäkilerden haýsydyr birini myhman almakdan) gaýtarmanmydyk?» diýdiler.
 71. (Lut): «Eger (bu işi) etjek bolsaňyz, ine, şular meniň gyzlarym. (Nikalaşyp, alyberiň)» diýdi.
72. (Eý, pygamber) seniň ömrüňe kasam bolsun! Olar serhoşlykda başagaý bolup ýörler.
 73. Gün dogup gelýärkä, olary elhenç bir ses gaplap aldy.
 74. (Olaryň ýurtlaryny başlaryna düňderip) agdar-düňder etdik. Üstüne- de bişen palçykdan (taýýarlanan) daşlar ýagdyrdyk.
 75. Elbetde, munda parasatly kişiler üçin ybratlar bardyr.
 76. Takyk, ol (agdar-düňder edilen şäheriň harabasy kuraýşly kapyrlaryň ybrat almaklary üçin entegem) ýol üstünde durandyr.
 77. Elbetde, munda möminler üçin ybratlar bardyr.
 78. Takyk, eýke halky örän zalym kişilerdi. Düşündiriş: Eýke – tokaý, gür şahaly baglyk diýmegi aňladýar. Şugaýyp pygamberiň kowumy baglyk ýerde ýaşandyklary sebäpli, olara «Eshabul-eýke» («Tokaý eýeleri)» diýlipdir.
 79. Biz olardan hem ar aldyk. Takyk, ol ikisi (Lut we Şugaýyp pygamberiň kowumlarynyň ýaşaýan şäherleriniň harabaçylygy) göz-görtele (ýoluň) öňünde (ýerleşýändir).
 80. Kasam bolsun! Hyjr halky hem pygamberleri inkär etdi. Düşündiriş: Hyjr – Medine bilen Şamyň arasynda ýerleşýän bir ýeriň ady. Ol ýerde semud kowumy ýaşapdyr. Olary dogry ýola çagyrmak üçin Salyh pygamber iberlipdir.
 81. Biz olara aýatlarymyzy (mugjyzalarymyzy) beripdik. Ýöne ondan ýüz öwürdiler.
 82. (Olar apatlardan gorajagyna) ynanyp, daglardan oýup öýler gurýardylar.
 83. Olary daň atanda elhenç bir ses gaplap aldy.
 84. Olaryň gazanan (mal-mülkleri) peýda bermedi.
 85. Biz asmanlary we ýeri hem-de ol ikisiniň arasyndaky zatlary (boş ýere däl-de), hak (we hikmet) bilen ýaratdyk. Elbetde, kyýamat geler. (Eý, Muhammet! Kowumyňa) ýagşy geçirimlik edip, olary bagyşla.
 86. Takyk, seniň Perwerdigäriň (ýeke- täk) Ýaradyjydyr, ähli zady bilýändir.
 87. Kasam bolsun! Biz saňa (namazlarda) gaýtalanýan ýedi (aýaty) we beýik Kurany berdik.
 88. (Eý, Muhammet!) Biziň olardan (kapyrlardan) käbirlerine peýdasyny görmek üçin beren (dünýewi) zatlarymyza hiç haçan gözüňi dikme. (Iman getirmeýändikleri üçin) olara gynanma! Möminlere (bolsa rahmet) ganatyňy ýaý!
 89. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Takyk, men äşgär duýduryş berijidirin».
 90. Biz (Töwraty we Injili) böleklere bölenlere (ýagny bir bölegine ynanyp, bir bölegine ynanmaýanlara hem (kitap) inderipdik.
 91. Olar Kurany hem böldüler. (Ýagny ýahudylar we nasranylar Kuranyň öz isleglerine gabat gelýän bölümine ynandylar, beýleki bölümine bolsa ynanmadylar).
 92, 93. (Eý, Muhammet!) Perwerdigäriňe kasam bolsun! Biz hökman olaryň ählisini eden işleri sebäpli, soraga çekeris.
 94. (Eý, Muhammet! Özüňe) emir edilen zady kesgin jar et hem-de Alla şärik goşýanlardan ýüzüňi sow!
 95. (Eý, Muhammet!) Elbetde, Biz (saňa) kemsidijilere (garşy arka çykmakda) ýeterlik howandardyrys.
 96. Olar, Alladan başga hudaý hem edinýärler. (Olar bu etmişleriniň jezasyny) tiz wagtda bilerler.
 97. Elbetde, Biz olaryň aýdýan zatlary sebäpli, seniň ýüregiň darygýandygyny bilýäris.
 98. (Eý, Muhammet!) Perwerdigäriňi hamdy-sena, tesbih bilen ýatla hem-de sežde edenlerden bol!
 99. (Eý, Muhammet!) Tä saňa geljegi anyk bolan, ölüm gelýänçä, Perwerdigäriňe ybadat et!