1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.74. Luta pygamberlik hem-de ylym berdik. Ony erbet işler bilen meşgul bolýan oba-şäheriň halkyndan halas etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän bozuk adamlardy.

Başy » Sözbaşy » 93-nji süre: «Zuha» («Guşluk»)

«Zuha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 11 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan we guşluk wagtyny aňladýan «Zuha» sözünden alnandyr. Bu süre pygamberimiz Muhammet aleýhissalama Allanyň beren nygmatlary we şükür etmek baradadyr.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1, 2. Guşluk wagtyna, ümsümlige giren wagty gijä kasam bolsun!
3. Seniň Perwerdigäriň seni terk etmedi we saňa gaharlanmady. Düşündiriş: Pygamberligiň başlangyç döwürlerinde az wagtlyk wahyý kesilýär. Kapyrlar hem bu ýagdaýdan peýdalanyp: «Perwerdigäriň seni terk etdi, taşlady» diýip, oňa gyjalat berýärler. Bu sözler pygambere örän ýokuş degipdir. Netijede, bu aýat inipdir.
 4. Takyk, ahyret seniň üçin dünýäden has haýyrlydyr.
 5. Sen Perwerdigäriň özüňe berjek zatlaryndan razy bolarsyň!
 6. Eýsem Ol seni ýetim wagtyň tapyp, saňa hemaýat edip (seni goramadymy?).
 7. Eýsem seni (diniň hökümlerinden) gümra (bihabar) haldakaň tapyp, saňa dogry ýoly görkezmedimi?
 8. Eýsem seni mätäç ýagdaýda tapyp, gurply etmedimi?
 9. (Şonuň üçin) sen hem ýetime gaharlanma!
 10. Dilegçä gödek bolma (ýüzüni alyp, ony kowma)!
 11. Perwerdigäriň nygmatlaryny bolsa (ynsanlara) aýt, ýatlat!