1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 79-njy süre: «Näzigat» («Sogrup alýanlar»)

«Näzigat» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 46 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Näzigat» («Sogrup alýanlar») sözünden alnandyr. Bu sürede ahyret durmuşyny inkär edýänlere duýduryş berlip, haky inkär eden Fyrgawny onuň dünýädäki hökmürowanlygynyň halas etmändigi barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Janlary) sogrup alýanlara!
 2. Ýuwaşjadan çekýänlere!
3. Ýüzüp-ýüzüp gidýänlere!
 4. Ýaryşyp öňe geçýänlere!
 5. Işlerini tertipli ýöredýänlere kasam bolsun!
 6. Ine, ol (kyýamat) güni (ýeri) güýçli sarsdyran (üfleme) bolar.
 7. Soň onuň yzyndan gelen (ikinji gezek sura üfleme) bolar.
 8. Ol gün ýürekler (gorkudan ýaňa) gürsüldärler.
 9. Gözler (nazarlar) ýere egler.
 10, 11, 12. (Inkär edenler ýaňsylap): «Biz çüýrän süňk bolanymyzdan soň, öňki ýagdaýymyza getirilerismi? Bu biziň üçin zyýanly bir gaýdyp gelişdir» diýerler.
13. Emma ol iş (kyn däl), ýekeje bir seslenmeden ybaratdyr.
 14. Olar şol bada (ölümden) oýanarlar (we magşar meýdanynda jemlenerler).
 15. (Eý, Muhammet!) Saňa Musanyň habary geldimi?
16. Perwerdigäri oňa mübärek Tuwa jülgesinde (şeýle) seslenipdi:
 17. «Fyrgawnyň (ýanyna) git, sebäbi ol örän azdy
. 18, 19. Oňa: «Sen özüňi päklemek isleýärsiňmi?! Seni Perwerdigäriňe eltýän ýola gönükdireýinmi? Bes, (netijede) sen hem ondan gorkarsyň» diý.
 20. Şeýdip, oňa iň uly aýaty (mugjyzany) görkezdi.
 21. Emma (Fyrgawn Musany) ýalan hasaplady we garşy çykdy.
 22. Soň hem yzyna öwrülip, (Musany inkär etmek üçin) tagalla baryny görkezdi.
 23. Soň (öz adamlaryny) ýygnady we olara:
24. «Men siziň iň uly Perwerdigäriňiz!» (diýip) ýüzlendi.
 25. Alla ony (hemmelere göz üçin) dünýäde we ahyretde azaba sezewar etdi.
 26. Takyk, munda (Alladan) gorkýanlar üçin ybrat bardyr.
 27. (Eý, kyýamaty inkär edýänler!) Sizi (täzeden) ýaratmak kynmy ýa-da asmany? (Alla) ony (asmany) bina eýledi.
 28. Ony (diregsiz) galdyrdy we belli bir düzgüne (tertibe) saldy.
29. Gijesini örtüp, tümlükden (Gün) çykaryjy gündizini (aýdyňlyk edip goýdy).
 30. Ondan soň ýeri düşäp (ýaşamaga taýýar görnüşde) goýdy.
 31. Ondan suw we otluk (meýdanlary) çykardy.
 32. Daglary hem mäkäm ornaşdyrdy.
 33. (Bulary) siziň we mallaryňyzyň peýdalanmagy üçin (döretdi).
 34. Emma (hemme zady derbi-dagyn edýän) ol äpet hadysa gelen wagtynda!
35. Ol gün ynsan nämä tagalla edendigine göz ýetirer.
 36. (Şonda) dowzahy görjek kişiler üçin (ol) äşgär görkeziler.
37, 38, 39. Kim azan we (ahyreti unudyp), dünýä lezzetini saýlan bolsa, onuň barjak ýeri dowzah bolar.
 40. (Emma) kim Perwerdigäriniň (öňüne çykyp) huzurynda (hasap bermekden) gorkan we nebsiniň (erbet) arzuwlaryna uýmakdan saklanan bolsa, onuň barjak ýeri jennetdir.
 42. Senden: «Haçan gelip ýeter?» diýip (kyýamat) sagadyny soraýarlar.
 43. Sen ony nireden biljek?
44. Onuň anyk wagtyny (diňe) Perwerdigäriň bilýändir.
 45. Sen diňe ondan (kyýamatdan) gorkýanlara duýduryjysyň.
 46. Olar ony (kyýamaty) gören wagtlary (dünýäde) diňe bir agşam ýa-da bir säher wagty ýaşandyrys öýderler!